Dynç ýa-da zäh­met rug­sa­dy wag­tyn­da ho­wa­nyň ys­sy gün­le­ri hor­mat­ly il­deş­le­ri­miz maş­ga­la­la­ry bi­len tä­miz ho­wa­ly, akar suw­ly to­kaý se­ýil­gäh zo­lak­la­ryn­da dynç al­­ýar­lar. Dynç al­yş gu­rnalanda maş­ga­la­la­ry bi­len na­har bi­şir­mek üçin ot ýak­ýar­lar. Ot ýak­ma­gyň öz­bo­luş­ly düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mez­den, ýan­gy­nyň ýü­ze çyk­mak how­pu­ny dö­red­ýär­ler. Ýo­kar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Aş­ga­bat şä­he­rin­de we we­la­ýat­lar­da köp­çü­lik­le­ýin dynç alyn­ýan ýer­ler­de ot ýak­mak do­ly ga­da­gan edi­len. Eger-de çyk­gyn­syz ýag­da­ýa dü­şü­len­de ot ýak­mak üçin çä­ge­li ýa-da akar su­wuň go­la­ýyn­da daş­ly ýer­den peýdalanmalydyr. Ot ýa­kyl­jak ýe­riň 15 metr daş-tö­we­re­gi gu­ran ot-çöp­ler­den top­ra­ga çen­li aras­sa­lan­ma­ly­dyr. Ýa­rym metr çuň­luk­da oý ýer­de ýa-da ot ýa­kyl­jak ýer daş­ly bo­lan­da, tö­we­re­gi­ne daş­la­ry ör­me­li. Ot­dan peý­da­la­nyp bo­lnan­dan soň, suw se­pip ýa-da gum, çä­ge sü­rüp do­ly sön­dür­me­li.
Köp­çü­lik­le­ýin dynç alyş ýer­le­rin­de sön­dü­ril­me­dik çi­lim, ot­lu­çöp ga­lyn­dy­sy­ny taş­la­mak howp­lu­dyr. Şeý­le-de dynç alyş ýer­le­rin­de çüý­şe gap­la­ry we aý­na dö­wük­le­ri­ni gal­dyr­ma­ly däl, se­bä­bi şol aý­na gap­lar­dan Gü­nüň şöh­le­si­niň ug­ru­ny üýt­ge­dip geç­me­gi bi­len ýan­gy­nyň dö­re­me­gi­ne se­bäp bol­ma­gy müm­kin­dir.
Dynç al­şa maş­ga­la bo­lup gi­di­len­de ça­ga­la­ry gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­ly, ola­ryň ot ýak­ma­gy­na ýol ber­me­li däl. Dynç al­şa köp adam­lar öz­le­ri­niň şah­sy aw­tou­lag­la­ry bi­len bar­ýar­lar, kä­ha­lat­lar­da bol­sa aw­tou­lag­la­ry bi­len gu­ran ot-çöp­le­riň üs­tü­ni bas­ýar­lar. Bu bol­sa howp­ly ýag­daý­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­tir­ýär. Se­bä­bi aw­tou­la­gyň tüs­se­çy­ka­ryn­dan uç­gun­la­ryň çyk­ma­gy we gu­ran ot-çöp­le­re uç­gu­nyň düş­me­gi bi­len ýan­gy­nyň dö­re­me­gi müm­kin. Kä­ha­lat­lar­da bol­sa dynç alyş ýer­le­rin­de şah­sy aw­tou­lag­lar­da be­je­riş-abat­la­ma iş­le­ri ge­çi­ri­lip, aw­tou­la­gyň şaý­la­ry­ny es­gi­ bi­len sü­pü­rip, şol ýag-ýan­gyç si­ňen es­gi­le­ri gu­ran ot-çöp­le­riň üs­tü­ne taş­lap gid­ýär­ler. Bu bol­sa howp­ly ýag­daý­la­ra ge­ti­rip bil­ýär. Şol ýag-ýan­gyç si­ňen es­gi­ler ys­sy ho­wa­da öz-özün­den ýa­nyp, te­bi­ga­ty­my­zyň gö­zel­li­gi­ne uly ze­per ýe­tir­me­gi müm­kin. Te­bi­ga­ty­my­zyň aja­ýyp gö­zel­li­gi­ni ýan­gyn how­pun­dan go­rap sak­la­mak her bi­ri­mi­ziň bor­ju­myz­dyr. Ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­niň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­mak­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň äh­mi­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dy­ryp, hu­kuk go­raý­jy eda­ra­lar bi­len bi­le­lik­de ýur­du­myz­da hu­kuk ter­ti­bi­ni we ka­nun­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, ra­ýat­la­ryň ka­nu­ny hu­kuk­la­ry­ny, bäh­bit­le­ri­ni we döw­le­ti­miz­dä­ki eýe­çi­li­giň gör­nüş­le­ri­ne ga­ra­maz­dan, ola­ra ber­ki­di­len to­kaý se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­nyň ýan­gyn howp­suz­ly­gy­ny yg­ty­bar­ly üp­jün et­mek bo­ýun­ça ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­niň ta­lap­la­ry­ny ber­jaý et­mek üçin, ola­ryň her bir iş­gä­ri­niň ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni bil­me­gi, şeý­le-de şol düz­gün­le­ri do­ly, dog­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi, ra­ýat­la­ryň ja­ny­na we sag­ly­gy­na, jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň bäh­bit­le­ri­ne mad­dy zy­ýan ýe­tir­ýän gö­zeg­çi­lik­siz oduň dö­re­me­gi­niň öňü­ni alyş iş­le­ri­ni ge­çir­mek ug­run­da ýa­daw­syz zäh­met çek­jek­di­gi­mi­ze, Wa­tany­my­za, hal­ky­my­za, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze
we­pa­ly gul­luk et­jek­di­gi­mi­ze ynan­dyr­ýa­rys.

Allamyrat Çaryýew,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 100-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň ýangyn söndüriş söweşjeň bölümçesiniň müdiri, içerki gullugyň uly leýtenanty.