Iňlis ýazyjysy Emili Bronteniň dünýä edebiýatynyň nusgawy eserleriniň biri hasaplanýan «Tupanly belentlikler» atly romanynyň ilkinji seýrek neşiri auksionda satuwa çykarylýar. «Christie’s» auksion öýüniň berýän maglumatyna görä, eseriň 1908-nji ýyldan bäri ilkinji gezek asyl mata daşlygynda auksiona çykarylýan bu seýrek nusgasy ýazyjynyň uýasy Anna Bronteniň «Agnes Greý» romany bilen bilelikde satuwa hödürlener. Deslapky çaklamalara görä, lotuň umumy bahasynyň 400-600 müň funt sterlinge ýetmegine garaşylýar.
Hünärmenleriň bellemegine görä, 1847-nji ýylda çap edilen ilkinji neşirden jemi 250 töweregi nusga çykarylyp, olaryň agramly bölegi soňra hususy ýygyndylar ýa-da kitaphanalar üçin täzeden daşlanypdyr. Häzirki wagtda asyl neşirdäki görnüşinde saklanyp galan sanlyja nusgalar aýratyn gymmata eýedir.
Şarlotta Bronteniň «Jeýn Eýr» romanynyň gazanan üstünliginden soňra gyssagly çap edilen bu neşir çaphana säwlikleri, şol sanda eseriň adyndaky käbir sözleriň nädogry ýazylandygy bilen tapawutlanýar. Çap edilen döwründe tankytçylar tarapyndan gapma-garşylykly pikirleri döreden hem bolsa, bu eser wagtyň geçmegi bilen edebiýatyň çäginden çykyp, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi we sungat ussatlaryny, sazandalary hem-de kinematografiýaçylary täze döredijilik gözleglerine ruhlandyryp gelýär. Eseriň iň soňky ekranlaşdyrylan nusgalarynyň biri hem režissýor Emerald Fennelliň golaýda surata düşüren we dürli garaýyşlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolan filmidir.
Täzegül GANDYMOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.
PDF








