Meş­hur aý­dym­çy Dua Li­pa Por­tu­ga­li­ýa­nyň Por­tu şä­he­rin­dä­ki dün­ýä bel­li «Livra­ria Lel­lo» ki­tap dü­ka­ny­nyň bin­ýa­dyn­da «Ma­ni­fes­to Lib­ra­ry» at­ly öz hu­su­sy ki­tap­ha­na­sy­ny aç­dy. «Ba­bell – City of Books» hal­ka­ra ki­tap fes­ti­wa­ly­nyň çäk­le­rin­de gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­rä dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň gör­nük­li we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Tä­ze ki­tap­ha­na iç­ki be­ze­gi hem-de gur­lu­şy taý­dan Jo­an Rou­lin­ge «Gar­ri Pot­ter» ro­ma­ny­ny ýaz­ma­ga yl­ham be­ren ta­ry­hy «Livra­ria Lel­lo» ki­tap dü­ka­ny­nyň he­mi­şe­lik bö­le­gi hök­mün­de he­re­ket eder.
Tä­ze ki­tap­ha­na aý­dym­çy­nyň 2021-nji ýyl­da esas­lan­dy­ran «Service95» me­de­ni tas­la­ma­sy­nyň do­wa­my bo­lup, ol il­kin­ji tap­gyr­da ýüz­den gow­rak gym­mat­ly ese­ri öz içi­ne al­ýar. Bu ýer­de dün­ýä­niň meş­hur eser­leri jem­le­nip, olar oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne hö­dür­len­ýär.
Ki­tap­ha­na­nyň go­run­da Mar­ga­ret Et­wu­duň «Gyr­na­gyň gür­rü­ňi», Har­per Li­niň «Bil­bi­li öl­dür­mek», Re­ji­nald Dueýn Bett­siň «Je­na­ýat­kär», Tre­wor Noa­nyň «Reňk­siz», Jo­di Pi­kol­tyň «On do­kuz mi­nut» at­ly ro­man­la­ry, şeý­le hem Ru­pi Kau­ryň «Süýt we bal» goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy ýa­ly dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň nus­ga­wy eser­le­ri we baş­ga-da en­çe­me ki­tap­lar bar. Sun­gat iş­gä­ri­niň bel­le­me­gi­ne gö­rä, bu tas­la­ma ba­tyr­gaý­ly­gy bi­len aý­ra­tyn yz gal­dy­ran ýa­zy­jy­la­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne hem-de er­kin pi­kir­len­me­gi saý­la­ýan oky­jy­la­ra go­ýul­ýan ýo­ka­ry sar­pa­nyň ny­şa­ny­dyr.

Larisa MAMEDOWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň neşirleri toplamak we işlemek bölüminiň 1-nji derejeli redaktory.