10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, 2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekdi hem-de okuwa girmäge isleg bildirýän ähli ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmegiň, şunuň bilen baglylykda, bilim edaralarynda abatlaýyş işlerini öz wagtynda geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalarynyň ulanmaga beriljekdigini aýtdy hem-de olaryň açylyş dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görmegi, bu ýokary okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegiň, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy-barlag işlerini netijeli dowam etdirmegiň, ylmy edaralarda işlenip düzülen oýlap tapyşlary ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.