10-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artdy
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň alty aýynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,7 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 7,5 göterim artdy. Býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşyklary barada aýdyldy.
Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,1 göterim berjaý edildi
Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulow şu ýylyň birinji ýarymynda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlaryň görkezijileri, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,1 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,4 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 103,8 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,9 göterim ýerine ýetirildi. 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda balans toparlarynyň jemi 92 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 64 mejlisi geçirildi. Mejlisleriň dowamynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine garaldy.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 göterim artdy we ol jemi içerki önümiň 16,5 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 45,1 göterimi önümçilik, 54,9 göterimi durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi. Şeýle-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.
39 milliard 147,2 million kub metr tebigy gaz, 4 million 129,8 müň tonna nebit çykaryldy
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynda meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 39 milliard 147,2 million kub metr tebigy gaz, 4 million 129,8 müň tonna nebit çykaryldy. 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 0,7 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 7,2 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 39,9 göterim, suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi 64,5 göterim, sementiň öndürilişi 7,2 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 6,9 göterim, şöhlat önümleriniň öndürilişi 6,7 göterim, süýt önümleriniň öndürilişi 4 göterim, çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 1,3 göterim artdy.
Ulag-aragatnaşyk ulgamynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Ulagyň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygynyň 3,7 göterim, ýolagçy dolanyşygynyň 2 göterim artmagy munuň aýdyň mysalydyr. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi hem 15,3 göterim artdy. Ýurdumyzyň oba hojalygynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýygnalan bugdaý hasyly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,6 göterim artdy, öndürilen gök önümler 12,8 göterim, azyklyk bakja önümleri 3,3 göterim, ýeralma 4,2 göterim, süýt 0,3 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň alty aýynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn görkezijiler gazanyldy.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň statistika ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen tejribe alyşmak boýunça görülýän çäreler barada hem aýtdy.
Gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlaryň galyndysy 17,6 göterim köpeldi
Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2026-njy ýylyň alty aýynda ýurdumyzyň banklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete gönükdirilen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli senesi bilen deňeşdirilende, 7,4 göterim artdy. Ykdysadyýetiň hususy bölegine berlen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli senesine görä, 23,6 göterim ýokarlandy, şahsy adamlara berlen karzlar 24,5 göterim artdy. 2026-njy ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlaryň galyndysy 17,6 göterim köpeldi.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Döwlet býujetiniň durnuklylygyny üpjün edýän salgyt ulgamyny ösdürmegi, salgytlaryň doly hem-de öz wagtynda tölenmegini gazanmagyň wajypdygyny nygtady. “Býujet serişdeleriniň tygşytly, maksadalaýyk peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek, şu ýylyň ahyryna çenli Döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar bölegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmek, geljek ýylyň Döwlet býujetini öz wagtynda düzmegi üpjün etmek zerurdyr” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz milli manadyň hümmetini durnukly saklamaga aýratyn üns bermegiň, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen, ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlary yzygiderli artdyrmagyň, banklaryň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň wajypdygyny belledi we halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
PDF









