10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa hormatly Prezidentimiziň beren tabşyrygyna laýyklykda, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça Mejlisde degişli işleriň geçirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp taýýarlanylan degişli Kanuny, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 82-nji maddasyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, berkarar döwletimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň uly dabaralar bilen giňden belleniljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlyk baýramyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.