10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlardyr duşuşyklar möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 16 — 19-njy fewraly aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, 18-19-njy martynda Hytaý Halk Respublikasyna, 8-9-njy aprelinde Awstriýa Respublikasyna, 13-14-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, 16-17-nji maýynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna saparlary guraldy. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 21-22-nji aprelinde Gazagystan Respublikasyna, 22-23-nji iýunynda Azerbaýjan Respublikasyna saparlary amala aşyrdy.

Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça duşuşyklar geçirildi
Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyklary geçirildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 21 — 23-nji ýanwarynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, 17 — 19-njy martynda bolsa Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň Baş sekretary ýurdumyzda saparda boldular. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklar, çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Arkalaşygyň döwletleriniň Hökümet ýolbaşçylary ýurdumyza sapar bilen geldiler.

373 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi
Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 373 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi, Türkmenistandan daşary ýurtlara 693 wekiliýet gitdi. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 253-si geçirildi. Hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 1 müň 205-si guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 101-si bilen ýetirildi. Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler hem amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministrleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary bilen syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy
2026-njy ýylyň alty aýynda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Uganda Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Kamboja Patyşalygynyň, Ukrainanyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy. Bulardan başga-da, hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň BMG-niň Baş sekretary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary hem-de Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen gepleşikleri geçirildi.

Täze bellenen ilçiler ynanç hatlaryny gowşurdylar
Daşary döwletleriň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary kämilleşdirmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Finlýandiýanyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky, Irlandiýadaky ilçileri, BMG-niň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmek, halkara guramalar bilen netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl ýurdumyzda köp sanly halkara syýasy çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyzda guraljak halkara çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin häzirden başlap düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy.