Ýurdumyzda melhemlik ähmiýete eýe bolan künjini ýetişdirýän babadaýhanlaryň hatary barha artýar. Şeýle zähmetsöýer daýhanlaryň tagallalary netijesinde mes toprakly meýdanlarda künjiniň bol hasly kemala getirilip, ösen islegleri kanagatlandyrmakda irginsiz alada edilýär. Ata-babalarymyz künjüden we beýleki ösümliklerden ýag almakda dürli usullardan peýdalanypdyrlar. Olaryň biri hem juwazlardyr. Ata Watanymyzda gadymy döwürlerden bäri dürli ekinleriň hasyly alynýar. Şolaryň içinde künji gadymy wagtlardan bäri halkymyzyň gündelik durmuşynda özüni iýmitlik we ýagyny ulanmak üçin peýdalanylypdyr. Künjiniň watany günorta-gündogar Aziýa hasaplanýar. Bu ekin, esasan, Aziýada we Afrikada ösdürilip ýetişdirilýär.
Künjiniň köki 50-80 sm çuňlukda ýerleşýär. Onuň baldagynyň boýy 1-1,7 metre ýetýär. Süýri ýumurtga görnüşli ýapraklary garşylyklaýyn we nobatlaýyn ýerleşýärler, güli uly, gök, mämişi, kähalatlarda ak reňkli bolýar. Tohumy örän maýdadyr. Künji iýun-awgust aýlarynda gülleýär, sentýabr-oktýabrda miwesi ýetişýär.
Künjiniň tohumynda 60 göterime golaý ýag saklanýar. Onuň ýagy lukmançylykda ähmiýetlidir. Ol içki we daşky keselleriň birnäçesinde ähmiýetlidir. Ylaýta-da bedeniň agyran ýerine sürtmekde ulanylýar. Şeýle hem künji ýagy aşgazan, garyn-içege we bagyr keselleriniň dermanydyr. Ata-babalarymyz künjiniň ýagyny gündelik durmuşynda giňden peýdalanypdyrlar. Ussat babadaýhanlarymyz künjini ýetişdirmegiň gizlin syrlaryny ele alyp, nähili toprakda bol hasylyny alyp boljagyny öňünden kesgitlemegi başarypdyrlar. Häzirki wagtda künji esasan Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Ussat babadaýhanlaryň tagallalary netijesinde künjiniň bol hasyly kemala getirilip, ekologiýa taýdan arassa, müň derdiň dermany bolan künji we onuň ýagy halk köpçüligine hödürlenýär.
Künjini güýz aýlary orýarlar we guratmak üçin goýýarlar. Soňra guran baldaklary kakylyp, hasyly ýygnalyp alynlar. Ondan soň künji sowrulýar we oňat arassalanýar. Arassalanan künji ýag almak üçin taýýar hasaplanýar. Künjiden we beýleki ýaglyk dänelerden ýag işläp çykarýan gurala juwaz diýilýär. Ol tut, erik ýaly berk agaçlardan ýasalýar. Juwazyň ortaky esasy agajynyň ep-esli bölegi ýere gömlüp, onuň ýerden ýokarky içi köwlen bölegine – sokusyna juwaz oky oturdylýar. Juwaz okunyň ýokarsyna juwaz agajy geýdirilýär we ol leňňer agaçlary bilen birleşdirilýär. Juwaz aýlananda, onuň sokusyna guýulan künji döwülýär, soňra ondan ýag çykýar. Juwazy aýlamak oňa gadymy döwürlerde düýe, öküz we beýleki mallary goşulypdyr. Juwaz adatça aýratyn jaýyň içinde gurulýar. Künjini juwazsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Çünki ekin meýdanlaryndan ýyglyp alnyp, sowrulup, arassalanylan künji hasyly diňe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan juwazlaryň kömegi bilen ýag alynýar. Juwaz eşek, öküz, düýe ýaly iş mallarynyň kömegi bilen herekete getirilensoň, olaryň biynjalyk bolmazlygy üçin ýörite taýýarlanan aýratyn jaýda ýerleşdirilipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmaklarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe dünýäniň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylyp, ähli edilýän işler häzirki zaman derejelerinde ýola goýuldy. Bu bolsa, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmeginiň esasy şertidir.

Maksat Hajyýew, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň
başlygy.