14-nji iýulda Aşgabatdaky “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Medeniýet ministrlikleriniň goldaw bermeginde “Tourism Malaysia-2026” atly seminar geçirildi. “Tourism Malaysia” agentliginiň hem-de Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guran çäresinde Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy. Oňa syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleri, žurnalistler we beýleki myhmanlar çagyryldy.

Çärede Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk boýunça müdirligiň başlygynyň orunbasary Gülşat Bakyýewa, “Tourism Malaysia Almaty” guramasynyň ýolbaşçysy Nor Şazli Azmi çykyş edip, syýahatçylyk pudagynda iki ýurduň arasynda gazanylan üstünlikler we pudagyň geljekki mümkinçilikleri barada maglumat berdi. Şeýle hem Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.
Gülşat Bakyýewa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen syýahatçylyk pudagynda uly ösüşleriň gazanylýandygyny, şeýle hem halkara syýahatçylygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 20-den gowrak şertnama gol çekilipdir. Türkmenistanda 30-dan gowrak syýahatçylyk kompaniýasy bolup, olaryň köp sanlysy Malaýziýa bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

G.Bakyýewa şol bir wagtda Malaýziýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, şu ýylyň aprelinde geçirilen “Turkmentravel-2026” halkara syýahatçylyk sergisine Malaýziýanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň hem gatnaşmagynyň munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi.
Tanyşdyrylyş çäresinde Nor Şazli Azmi 2025-nji ýylda Türkmenistandan bu ýurda 10 müň 750 syýahatçynyň baryp görendigini mälim etdi. Bu görkeziji ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 42,5 göterim ýokarydyr. Şu ýylyň maý aýynyň ýagdaýyna görä, Türkmenistandan Malaýziýa 3 müň 482 syýahatçy barypdyr.

– Bu ösüşiň esasy sebäpleriniň biri Aşgabat bilen Kuala-Lumpuryň arasynda göni howa gatnawynyň ýola goýulmagydyr – diýip, “Tourism Malaysia Almaty” guramasynyň ýolbaşçysy belläp geçdi.
Çäräniň çäklerinde Malaýziýanyň syýahatçylyk ugurlary barada maglumat berýän wideorolik hem görkezildi.
“Malaýziýa – hakyky Aziýa” sözüni özüne şygar edinen “Tourism Malaysia” agentligi ýurduň Syýahatçylyk sungatlar we medeniýet ministrligine degişli bolup, Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini dünýä tanyşdyrmak bilen meşgullanýar.
PDF









