Şeýle at bilen Köneürgenç etrabynyň Bitaraplyk şäherçesindäki medeniýet öýünde aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, edara-kärhanalarda işleýän halk köpçüligi gatnaşdylar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly” mynasybetli geçirilen dabarada il sylagly ýaşuly Halnazar Nurmuhammedow, etrabyň 32-nji orta mekdebiniň mugallymy, mährem ene Almagül Pirnepesowa, Köneürgenç etrabynyň merkezi kitaphanasynyň direktory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Annatuwak Kakaýewa, TDP-nyň Köneürgenç etrap komitetiniň başlygy Gurbannepes Täçmedow, Köneürgenç etrap bilim bölüminiň hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aýgözel Kutlyýewa, Köneürgenç etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň mugallymy Şatlyk Aýmakow, TMÝG-nyň Köneürgnç etrap Geňeşiniň başlygy Ýeňişmyrat Nepesow dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ösüşleriň täze belentliklerine bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek, ýurdymyzyň dünýä ýüzinde abraý mertebesini arşa galdyrmak bilen bagly alyp barýan maksatnamalaýyn işlerini, şanly Garaşsyzlygymyzyň bize beren datly miweleri barada anyk mysallar arkaly belläp geçdiler. Soňra dabara etrap medeniýet bölüminiň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Etrabymyzyň tanymal bagşy-sazandalary estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirip, dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyryp, çärä gatnaşyjylara ruhy lezzet paýladylar. Olar özleriniň mahmal owazly aýdym-sazly çykyşlarynda günsaýyn ösýän, özgerýän Watanmyzyň abraý-mertebesini, eşretli zamanamyzy, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny wasp etdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Şular ýaly dabaraly çäreleriň geçirilmegi şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunuň toýlanjak şu taryhy ýylmyzyň many-mazmunyny artdyryp, her birimizde ata Watana bolan söýgümizi has-da artdyrýar.

Mahmut ÝAZOW, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň başlygy.