Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Gruziýa bardy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň bu dostlukly ýurda amala aşyrýan ilkinji sapary hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň sapary mynasybetli Tbilisiniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Gruziýanyň Prezidentiniň «Orbeliani» köşgündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.
Tbiliside ilkinji gezek döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwiliniň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi.
Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berilýär.
PDF









