Portugaliýanyň Azor arhipelagynyň iň uly adasy bolan San-Migelde ýerleşýän «Lagoa-du-Fogu» (Ot köli) özboluşly tebigy gözelligi bilen ünsi özüne çekýär. Müňlerçe ýyl mundan ozal wulkanyň atylmagy we lawanyň ýaýramagy netijesinde emele gelen krater köl (gazana meňzeş oý ýer) «Atlantik ummanyň gizlin jenneti» hasaplanýar. Daş-töweregi tokaý bilen gurşalan bu köl çüýşe ýaly göm-gök suwy hem-de owadan görnüşi bilen täsin dünýäni emele getirýär. Ýewropanyň iň täsirli wulkan peýzažlarynyň biri bolan Ot köli guşlar üçin goraghana bolup hyzmat edýär. Kanuny esasda goralýan bu kölde göçüp barýan we ýerli deňiz guşlarynyň köp sanlysy ýaşaýar. San-Migel adasynda zäherli ýylanlar, iri süýdemdirijiler we ýyrtyjy jandarlar ýaşamaýar. Bu ýerde ýabany pişikleri, towşany we mör-möjegiň birnäçe görnüşini görmek bolýar. 13,6 gektar meýdany eýeleýän krater kölden biraz uzaklykda, ýagny Atlantik ummanynyň çuň bolmadyk kenarlarynda kitleri we delfinleri ýakyndan synlamak bolýar. Tebigatda pyýada gezelenç etmek we surata düşmek üçin iň gowy ýerleriň biri bolan «Atlantik ummanyň gizlin jenneti» döwlet tarapyndan goralýan, arassa ekoulgama eýe bolan tebigy goraghanalaryň biridir.
PDF









