Por­tu­ga­li­ýa­nyň Azor ar­hi­pe­la­gy­nyň iň uly ada­sy bo­lan San-Mi­gel­de ýer­leş­ýän «La­goa-du-Fo­gu» (Ot kö­li) öz­bo­luş­ly te­bi­gy gö­zel­li­gi bi­len ün­si özü­ne çek­ýär. Müň­ler­çe ýyl mun­dan ozal wul­ka­nyň atyl­ma­gy we la­wa­nyň ýaý­ra­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le ge­len kra­ter köl (ga­za­na meň­zeş oý ýer) «At­lan­tik um­ma­nyň giz­lin jen­ne­ti» ha­sap­lan­ýar. Daş-tö­we­re­gi to­kaý bi­len gur­şa­lan bu köl çüý­şe ýa­ly göm-gök su­wy hem-de owa­dan gör­nü­şi bi­len tä­sin dün­ýä­ni eme­le ge­tir­ýär. Ýew­ro­pa­nyň iň tä­sir­li wul­kan peý­zaž­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Ot kö­li guş­lar üçin go­rag­ha­na bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ka­nu­ny esas­da go­ral­ýan bu köl­de gö­çüp bar­ýan we ýer­li de­ňiz guş­la­ry­nyň köp san­ly­sy ýa­şa­ýar. San-Mi­gel ada­syn­da zä­her­li ýy­lan­lar, iri süý­dem­di­ri­ji­ler we ýyr­ty­jy jan­dar­lar ýa­şa­ma­ýar. Bu ýer­de ýa­ba­ny pi­şik­le­ri, tow­şany we mör-mö­je­giň bir­nä­çe gör­nü­şi­ni gör­mek bol­ýar. 13,6 gek­tar meý­da­ny eýe­le­ýän kra­ter köl­den bi­raz uzak­lyk­da, ýag­ny At­lan­tik um­ma­ny­nyň çuň bol­ma­dyk ke­nar­la­ryn­da kit­le­ri we del­fin­le­ri ýa­kyn­dan syn­la­mak bol­ýar. Te­bi­gat­da py­ýa­da ge­ze­lenç et­mek we su­ra­ta düş­mek üçin iň go­wy ýer­le­riň bi­ri bo­lan «At­lan­tik um­ma­nyň giz­lin jen­ne­ti» döw­let ta­ra­pyn­dan go­ral­ýan, aras­sa ekoul­ga­ma eýe bo­lan te­bi­gy go­rag­ha­na­la­ryň bi­ri­dir.