Ildeşlerimiz Kolumbiýa Respublikasynyň Kali şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda şowly çykyş etdiler.
53 kilogram agram derejesindäki bäsleşikde ildeşlerimiziň ikisi hormat münberine çykmagyň hötdesinden geldi. Ştangany silterläp götermekde 86 kg, itekläp galdyrmakda 105 kg, şeýle-de iki görnüşiň jemi boýunça 191 kg agyrlygy boýun egdiren Ogulşat Amanowa üç altyn medal eýelemegi başardy.
Şol agramda Şabnam Kerimbaýewa bolsa itekläp götermekde kümüş (105 kg), iki görnüşiň jemi boýunça bürünç (188 kg) medal gazandy.
Oglanlardan bolsa Atabek Azamatow uly üstünlige ýetdi. 60 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türgen silterläp götermekde 116 kg, itekläp götermekde 133 kg netije görkezdi. Şeýlelikde, Atabek iki görnüşiň jemi boýunça 249 kg netije bilen, kümüş medala mynasyp boldy. Şeýle hem ol silterläp götermek boýunça kiçi altyn medaly eýeledi.
Çeşme: «Türkmen sporty» gazeti