17-nji iýulda Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Premýer-ministr Irakliý Kobahidze belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Gruziýada Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi we hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem ol mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.
Gruziýanyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimiziň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmagynyň bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrandygyny, forumyň netijeleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berjekdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gruziýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny we halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gruzin tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Giňişleýin düzümde gepleşikler geçirildi
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze hormatly Prezidentimizi we ýurdumyzyň wekiliýet agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyzyň şu saparynyň ähmiýetini belledi we onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Irakliý Kobahidze 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň Gruziýa amala aşyran saparynyň özara gatnaşyklaryň ösüşiniň binýadyny goýandygyny aýtdy we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilýändigini belledi. Ol Türkmenistana üç gezek sapary amala aşyrandygyny aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, saparlar wagtynda bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi we şu gün gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça giňeltmek babatda täze mümkinçilikleri açjakdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz öz adyndan we türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň adyndan bildirilen myhmansöýerlik üçin Gruziýanyň Hökümet Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi we bu saparyň iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde syýasy, söwda-ykdysady, durmuş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz saparyň çäklerinde gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumynyň hem muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini aýtdy. Şeýle hem iki ýurduň halkara düzümlerde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyna ýokary baha berildi.
Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem durnukly we netijeli ösdürilip, haryt dolanyşygy depginli artýar. Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topar möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz ulag we logistika ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň esasy strategik ugurlary hökmünde kesgitläp, Türkmenistanyň gruziýaly hyzmatdaşlara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykmaga ýardam bermäge doly taýýardygyny aýtdy. Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň gatnaşmagynda döredilýän «Lazurit» ulag geçelgesi hem ýene bir ähmiýetli, geljegi uly taslama hökmünde görkezildi.
Energetika ulgamynda-da Türkmenistanyň Gruziýa bilen hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiliklerine gyzyklanma bilen garaýandygy, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy tassyklanyldy.
Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara ynanyşmak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi hem-de bildirilen myhmansöýerlik, mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäni özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Gruziýanyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini belläp, gruzin tarapynyň bu başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmäge, ulag-logistika, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Irakliý Kobahidze çakylyk üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň saparynyň Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günlerine gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmuna eýe bolandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol Gruziýanyň Türkmenistan bilen medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady hem-de çakylygy kabul edip, Gruziýa sapar bilen gelendigi üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.
PDF








