Konteýner daşamalaryny işjeňleşdirmek, port düzümini bökdençsiz elektrik energiýasy bilen üpjün etmek, agyr ýük göteriji tehnikalar üçin akkumulýatorlary getirmek we geljegi uly degişli logistika geçelgelerini ösdürmek meseleleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň esasy temalary boldy. Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ýolbaşçylary Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň hem-de bu ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Germaniýaly işewürler portuň önümçilik-tehniki binýady we üstaşyr geçirmek mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Myhmanlar döredilýän mümkinçiliklere ýokary baha berip, soňky döwürde ýurtlaryň arasyndaky özara haryt dolanyşygynyň 12 göterim artandygyny bellediler. Gepleşikleriň barşynda «Rhenus», «Benning», «Eternity», «Zeppelin» we «Edison Technologies» ýaly abraýly brendleriň wekilleri anyk taslama tekliplerini hödürlediler.
Nemes hünärmenleri «Caterpillar» kysymly gämi dwigatellerine tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak, ýöriteleşdirilen enjamlary gurnamak hem-de döwrebap ýahtalary gurmak ulgamynda öňdebaryjy tejribelerini paýlaşmaga taýýardyklaryny bildirdiler. Duşuşykda Hytaýyň we Özbegistanyň ýüklerini Türkmenistanyň logistika geçelgeleri arkaly Ýewropa ugruna üstaşyr geçirmek meselesine aýratyn üns berildi, bu bolsa portuň ýük dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga ýardam eder.
Çeşme: Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň metbugat gullugy
PDF








