16-njy iýulda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Eýranyň Ruhy Lideri Aýatolla Seýid Aly Hameneýini ýatlama çäresi geçirildi. Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Medeniýet merkeziniň mugallymlary we pars dilini öwrenijiler, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň başynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Eýranyň şehit Lideriniň döwlet syýasatyndaky we jemgyýetdäki orny, mirasy, şeýle-de Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge we ösdürmäge goşan uly goşantlaryny ýatlap geçdiler.
Çäräniň dowamynda Medeniýet merkeziniň mugallymlary we pars dilini öwrenijiler öz çykyşlarynda şehit Ymam Hameneýi hakyndaky goşgulary okadylar. Şeýle-de şehit Ymam Hameneýi barada wideoşekiller görkezilip, aýat-töwir okaldy, dileg-doga edildi.
PDF









