Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty döwletimiziň halkara giňişligindäki ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan asylly başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolup, ähli ýurtlar bilen özara bähbitli we dostlukly gatnaşyklaryň täze derejelere göterilmegini üpjün edýär. «Döwlet adam üçindir!» şygary astynda amala aşyrylýan döwlet syýasaty durnukly ösüşi gazanmak üçin milli ykdysadyýeti ekologiýa talaplary bilen utgaşdyrmagy maksat edinýär.
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasadyndan kemala gelen we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ekologiýa diplomatiýasy şu günki günde dünýä halklarynyň parahat we bagtyýar durmuşynyň berk kepili hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak hem-de ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ugrundaky yzygiderli tagallalary halkara hyzmatdaşlygyň hem özenini düzýär.
Bu ugurda «Italiýa – Merkezi Aziýa» formatyndaky gatnaşyklaryň çäklerinde dolandyryş we bilim üçin «Durnukly institusional dialogy döretmek (BRIDGE)» atly taslama üstünlikli durmuşa geçirilýär. 6-njy iýuldan 10-njy iýul aralygynda Italiýa Respublikasynyň Wenesiýa şäherindäki Ka’ Foskari uniwersitetinde (Ca’ Foscari University of Venice) “School of Policy on Water-Health Nexus” (Suw we saglyk arabaglanyşygy boýunça syýasat mekdebi) atly 5 günlük intensiw hünär ýokarlandyryş okuwy guraldy. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar.
Bu ýöriteleşdirilen okuwyň esasy maksady agyz suwy we lagym suwlaryny dolandyrmagy Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) häzirki zaman talaplaryna we kadalaşdyryjy namalaryna laýyklykda guramakdan ybarat boldy. Okuw maslahaty nazary we amaly dersleri utgaşdyryp, suw serişdeleriniň gözbaşyndan başlap, tä sarp edijä ýetýänçä bolan doly aýlanyşyk tapgyrlaryny gurşap aldy.
Okuw maksatnamasynyň esasy ugurlary aşakdakylardan ybarat boldy:
- Kadalaşdyryjy we institusional esaslar: ÝB-niň suw syýasatlary, Suw serişdeleriniň toplumlaýyn dolandyrylyşy (IWRM) we BSGG-niň agyz suwunyň hili boýunça gollanmalary jikme-jik öwrenildi. Ulgamda töwekgelçilikleri dolandyrmak üçin Suw howpsuzlygynyň meýilnamalaryny (Water Safety Plans) taýýarlamagyň döwrebap usullary seljerildi. Şeýle hem, suw hojalygyny sanlylaşdyrmak, akylly monitoring (smart monitoring) we maglumatlar binýadyny kämilleşdirmek ýaly häzirki zaman tehnologiýalaryna üns berildi.
- Klimat stresleri we himiki/mikrobiologik howpsuzlyk: Global klimat üýtgemeleri şertlerinde agyz suwunyň hilini goramak meseleleri öwrenildi. Bu ýerde PFAS (per- we poliftoralkil maddalar), derman galyndylary we mikroplastikler ýaly täze ýüze çykýan himiki hapalaýjylaryň ynsan saglygyna ýetirýän töwekgelçilikleri, olary ylmy taýdan analiz etmek we suwy innowasion usullar bilen dezinfeksiýa etmek meselelerine seredildi.
- Tygşytlylyk we lagym suwlaryny arassalamak: Suw ýitgilerini azaltmagiň tehniki strategiýalary, binalaryň içindäki suw geçiriji ulgamlarda ýüze çykýan mikrobiologik howplaryň (şol sanda Legionella bakteriýasynyň) öňüni almak we gözegçilikde saklamak ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, şäher lagym suwlaryny ekologiýa taýdan arassa gaýtadan ulanmak, durnukly arassalamak we lagym suwlaryna esaslanýan epidemiologiýany (Wastewater-Based Epidemiology) jemgyýetçilik saglygyny goraýyşda öňünden duýdurmaga ukyply gural hökmünde peýdalanmak ýaly derwaýys temalar boýunça tejribe alşyldy.
Okuw maslahatynyň ahyrynda diňe bir nazary bilimler bilen çäklenilmän, SOGESID guramasynyň ýolbaşçylygynda ýöriteleşdirilen taslama taýýarlamak işleri (Project Design Workshop) guraldy. Bu ýerde gatnaşyjylar öz ýurtlarynyň toparlary boýunça bölünişip, durnukly suw taslamalarynyň meýilnamalaryny, tejribe-synag taslamalaryny we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk meýilnamalaryny işläp düzdüler.
Amaly okuwlar çäginde gatnaşyjylar agyz suwuny we lagym suwlaryny arassalaýjy desgalara (DWTP we WWTP) hem-de Wenesiýanyň meşhur “Suw geçiriji muzeýine” (Aqueduct Museum) gidip, italýan hünärmenleriniň durnukly suw dolandyryşy we innowasion tehnologiýalary peýdalanyş tejribesi bilen ýakyndan tanyşdylar. Okuwyň netijeleri geljekde suw we saglyk ugry boýunça bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmäge esas bolup hyzmat edýän “Venice Roadmap” (Wenesiýa Ýol Kartasy) atly resminamada beýan edildi.
Türkmenistanda ekologiýa abadançylygyny saklamak, suw serişdelerini aýawly ulanmak we ilatyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň baş ýörelgeleriniň biridir. Ýurdumyzyň wekilleriniň bu halkara okuwa gatnaşmagy kämil innowasion hem-de ekologik tehnologiýalary milli ulgama ornaşdyrmaga hem-de tejribeli hünärmenleri taýýarlamaga uly ýardam berer. Okuwyň ahyrynda gatnaşyjylara özleşdiren bilimlerini tassyklaýan halkara derejeli ýörite şahadatnamalar gowşuryldy.
Ýurdumyzyň halkara abraýyny belent wezipelere göterip, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Güljemal Goçgulyýewa,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Döwlet dolandyryş fakultetiniň magistranty.
PDF









