10–19-njy iýul aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde 58-nji Halkara himiýa olimpiadasy geçirildi. Dünýäniň 92 döwletinden 363 zehinli okuwçyny jemlän abraýly halkara bäsleşikde gatnaşyjylar himiýa boýunça nazary taýýarlyklaryny hem-de barlaghana tejribelerini ýerine ýetirmek ukyplaryny görkezdiler. Şeýle ýokary derejeli ylmy bäsleşikde Türkmenistanyň ýaşlarynyň üstünlikli çykyş etdiler.
Bu olimpiada Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň topary gatnaşdy. Bäsleşigiň jemleri boýunça mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçysy Pälwan Ilmämmedow kümüş medala, 12-nji synp okuwçylary Diýar Döwletow, Aýlar Orunowa hem-de Rüstem Jumaýew bolsa bürünç medallara mynasyp boldular.
Mälim boluşy ýaly, soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary Halkara himiýa olimpiadalarynda jemi 33 medala — 1 altyn, 12 kümüş we 20 bürünç medala mynasyp boldular. Bu guwandyryjy netijeler hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, zehin-başarnyklaryny açyp görkezmegi hem-de halkara derejede üstünlik gazanmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň netijesidir.
Çeşme:Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
PDF









