20-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda halkara «e-TIR» sanly ulgamynyň ulanylmagy bilen ilkinji ýük daşamalaryny amala aşyrmak boýunça utgaşdyryjy meselelere hem-de tehniki goldaw bermäge bagyşlanan bäş günlük maksatnamalaýyn çäreler başlandy.
Maksatnamanyň çäklerinde, Türkmenistanda «e-TIR» ulgamyny işe girizmediň amaly taraplaryna hem-de Azerbaýjan-Türkmenistan–Özbegistan ugry boýunça ilkinji synag daşamasyny guramaga bagyşlanan giňeldilen tehniki maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň wekilleri, şeýle hem halkara guramalaryň — Bütindünýä Ýol Ulag Bileleşigi (IRU), Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) we Söwda hem-de ösüş boýunça BMG-niň konferensiýasynyň (UNCTAD) wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda, Türkmenistanyň sebitde ilkinjileriň hatarynda «e-TIR» ulgamyny halkara ýük daşamalarynda üstaşyr geçirilýän awtoulag serişdeleri üçin işe girizýändigi bellenildi. Bu bolsa ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüneçekijiligini ýokarlandyrmakda ähmiýetlidir.
Çäreleriň amaly tapgyry 22-24-nji iýulda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda dowam etdiriler. Bu ýerde UNECE-niň goldaw bermeginde «e-TIR» ulgamynyň ulanylmagy bilen ilkinji ýük daşamalaryna synag geçiriler, şeýle hem IRU-nyň bilermeni Wahtang Zarandiýa tarapyndan okuw çäreleri guralar.
Çeşme: customs.gov.tm
PDF









