Türkmenistanyň tennis boýunça ýygyndy topary 22-nji iýulda Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde badalga alýan Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynyň saýlama ýaryşyna gatnaşýar. Ýaryşa iki toparça bölünen jemi 7 ýygyndy topar gatnaşýar.

Türkmenistanyň ýygyndysy «B» toparçada Yragyň, Gyrgyzystanyň we Kuweýtiň ýygyndylary bilen bilelikde çykyş eder. «A» toparçada bolsa Kataryň, Demirgazyk Marian adalarynyň we Şri-Lankanyň ýygyndylary bäsleşer.

Her toparçada birinji we ikinji orunlary eýelän ýygyndylar utulan-çykdy tapgyrynyň duşuşyklarynda geljek ýyl Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparyna çykmak üçin iki ýollanma ugrunda bäsleşer.

Toparçada üçünji orny eýelän ýygyndylar IV toparda galmak ugrunda özara duşuşyk geçirerler. Şol bäsleşikde ýeňlen topar bolsa «B» toparçasynda dördünji orny eýelän ýygyndy bilen bilelikde Aziýa we Okeaniýa zolagynyň V toparyna düşer.

Türkmen tennisçileri ilkinji duşuşygyny Kuweýtiň ýygyndysyna garşy geçirer.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde Ýuriý Rogusskiý, Selim Çagylow, Aly Geldiýew we Resul Ataýew çykyş edýärler. Toparyň kapitany Meýlis Orazmuhammedow, baş tälimçisi Miraly Gasanow, fitnes tälimçisi bolsa Samir Agabekow.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm