Ýurdumyzyň Da­şo­guz we­la­ýa­ty dö­re­di­ji­lik ze­hi­ni­ne eýe bo­lan ta­ry­hy şah­sy­ýet­le­riň on­lar­ça­sy­nyň mekanydyr. Şo­la­ryň bi­ri hem Aşyk Aý­dyň pir­dir. Yl­my ede­biýat­lar­da Aşyk Aý­dyň pi­riň do­ly ady Şihabud­din Abu Hafs Omar ibn Ab­dyl­lah as-Süh­ra­wer­di gör­nü­şin­de duş gel­ýär. Onuň ede­bi keş­bi, ýo­ka­ry sa­zan­dar­lyk uky­by, akyl­dar­lyk us­sat­ly­gy we ta­ry­hy dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty bi­len bag­la­ny­şyk­ly gym­mat­ly maglumat­lar hal­ky­my­zyň «Gö­rog­ly» epo­syn­da, «Ne­je­p og­lan», «Şa­se­nem-Ga­ryp» des­san­la­ryn­da hem-de şa­hy­ra­na li­ri­ki-epi­ki žanr­lar­da­ky eser­ler­de, ga­zal­lar­da, kys­sa­lar­da, he­ka­ýat­lar­da, ro­wa­ýat­lar­da, et­nog­ra­fik çeş­me­ler­de köp duşýar. Türk­men hal­ky­nyň dur­mu­şy­nyň et­ni­ki, ar­heo­lo­gi­ki, ta­ry­hy, çe­per­çi­lik, yl­my, ru­hy we mil­li umu­my­ly­gy­nyň öz­bo­luş­ly wa­ka­la­ry­nyň köp­san­ly hä­si­ýet­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän «Gö­rog­ly» epo­syn­da­ky:
Mun­dan git­seň Şäh­ri­bos­san ba­ryp git,
Aşyk Aý­dyň pir­den pa­ta alyp git –
di­ýen şat­lyk çeş­me­si­ne öw­rü­len şa­hy­ra­na se­tir­le­ri ýur­du­my­zyň de­mir­ga­zyk se­bi­ti bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ta­ry­hy çeş­me­ler­de Aşyk Aý­dyň pi­riň 1145-1234-nji
ýyl­lar ara­ly­gyn­da ýa­şap ge­çen­di­gi bel­le­nil­ýär. Ol or­ta asyr Şäh­ri­bos­san, Tus, Zen­jan, Ni­şa­pur, Ho­ra­san, He­me­dan, Bag­dat, Bu­ha­ra, Sa­mar­kant, Töw­riz, Şi­raz, Hy­rat mek­dep­le­rin­de okap, çuň­ňur we köp­ta­rap­ly, düýp­li bi­lim alyp­dyr. Mer­te­be­li aly­myň öm­rü­ne we yk­ba­ly­na hem­dem bo­lan ga­dy­my otu­rym­ly Şäh­ri­bos­san me­de­ni oa­zi­si­niň gün­do­ga­ryn­da Şa­se­nem, Was, Şir­wan­ga­la, de­mir­ga­zy­gyn­da Di­ýar­be­kir, Şa­ma­hy, gü­nor­ta­syn­da Tü­ni­der­ýa, Ak­ja­ge­lin, gün­ba­ta­ryn­da Aý­bö­wür, Döw­ke­sen ýa­ly ir­ki or­ta asyr mer­kez­le­ri, ha­syl­ly eke­ran­çy­lyk ýaý­la­la­ry ýer­leş­ýär. VII-XIII asyr­lar ara­ly­gyn­da gün­do­gar halk­la­ry­nyň ag­ze­ki, ýa­zuw­ly ede­bi dö­re­di­ji­li­gin­de dur­mu­şy duý­gu­la­ry söz we saz ar­ka­ly be­lent, tä­sir­li, gy­zyk­ly, özü­ne­çe­ki­ji be­ýan ed­ýän des­san­çy­lyk, sa­ky­na­ma­çy­lyk, aý­dy­şyk, mu­gam­çy­lyk, aruz­çy­lyk, tej­nis­çi­lik, ham­sa­çy­lyk, ga­zal­çy­lyk däp­le­ri­niň ýaý­ra­wy has-da ro­waç­lan­ýar. Poe­zi­ýa­da ola­ra aşug­çy­lyk mek­de­bi­niň us­sat­la­ry diý­lip­dir. XII-XIII asyr­larda Aşyk Aý­dyň pi­riň mü­bä­rek is­mi Gün­do­gar se­bit­le­rin­de aşug­çy­lyk mek­de­bi­niň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça yla­hy ze­hin­li, baý dö­re­di­ji­lik gor­ly, şa­hy­ra­na ukyp­ly sa­zan­da hök­mün­de ta­ry­hy sah­na­da has-da ar­şa gal­ýar. Mer­te­be­li dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si halk­la­ryň köp­san­ly mil­li çe­per­çi­lik kök­le­ri­niň ha­ky­kat­la­ry­na ýaý­rap gi­den Aşyk Aý­dyň pi­re öz döw­rün­de du­tar (tam­dy­ra), gy­jak, te­bil, gol­tuk, go­şa na­ga­ra­la­ry, dom­ra, ba­la­man, ru­bap, ar­fa, alt, ke­man, go­puz, naý, ut, çeň, sur­naý, ker­naý, do­wul, tan­bur, si­tar, çar­tar, penç­där, şaş­tar, dep­rek, gar­gy we dil­li tüý­dük ýa­ly saz gu­ral­la­ry­ny çal­ma­gyň, ka­ky­lyp, üf­le­nip, sy­ha­lyp ça­lyn­ýan we ki­riş­li saz gu­ral­la­ryn­da şi­rin owaz­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň, ola­ry ýa­sa­ma­gyň be­ýik mu­gal­ly­my hök­mün­de uly hor­mat goý­lup­dyr. Onuň owaz­ly dün­ýä­le­ri­ni, saz te­bi­ga­ty­ny we heň­le­riň gö­zel­lik lez­ze­ti­ni halk­lar kö­räp du­ran yş­kyň zer­li ki­ta­by hök­mün­de ka­bul edip­dir­ler. Halk saz re­per­tu­ar­la­ry­nyň baý­laş­ma­gy­na we bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­nyň kä­mil­leş­me­gi­ne uly go­şant go­şan Aşyk Aý­dyň pir geç­miş­de meş­hur aryf, Gün­do­gar poe­zi­ýa­sy­nyň su­fizm li­ri­ka­sy­nyň iň gör­nük­li we­ki­li, şa­hyr, or­ta asyr Kö­ne­ür­genç ede­bi mek­de­bi­ni esas­lan­dy­ry­jy fi­lo­sof hök­mün­de ta­na­lyp­dyr. Onuň dur­muş ah­la­gyn­da we aky­da yg­ty­ka­tyn­da (yna­myn­da) aras­sa­çy­lyk, uk­la­mak, iý­mit­len­mek, ha­lal zäh­met çek­mek, asu­da­lyk, we­pa­dar­lyk, sa­hy­lyk, dost­luk, sa­byr­ly­lyk, mä­täç­le­re hos­sar­lyk et­mek, sa­da­lyk, hoş­ni­ýet­li­lik, my­la­kat­ly­lyk ýa­ly mu­kad­des ka­da­lar il­kin­ji bas­gan­ça­gy eýe­läp­dir. Ede­bi mi­ra­sy on­lar­ça halk­la­ryň me­de­ni baý­lyk­la­ry­nyň umu­my, ýa­kyn we meň­zeş yk­bal­la­ry­ny öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän Aşyk Aý­dyň pir ba­ra­da il­kin­ji mag­lu­mat­lar 1330-njy ýyl­da Yz­zat­din Mah­mut Aly Ka­şi­ni­niň, Se­ýit Şa­rif Jür­ja­ny­nyň, Abu­bakr Mu­ham­met Ha­wa­fi­niň, Ju­ne­ýit ibn Ab­dy­rah­man Şi­ra­zy­nyň eser­le­rin­de gi­ňiş­le­ýin ag­zal­ýar. Mü­bä­rek we şöh­rat­ly ady­ny asyr­lar des­sa­na öw­ren Aşyk Aý­dyň pi­riň dö­re­di­ji­lik yl­ha­my­na Mä­lik ibn Ene­siň, as-Sa­ka­ty­nyň, Ba­ýe­zit Bis­ta­my­nyň, Jü­ne­ýit Bag­da­dy­nyň, Ab­dyl­ka­dyr Gi­la­ny­nyň, al-An­du­ly­sy ibn Ara­byň, al-Ga­za­ly­nyň, al-Fa­ri­di­niň, Bar­zu­wy­nyň, Ap­bas Mer­we­zi­niň dö­re­di­ji­li­gi, sansk­rit, peh­le­wi, ot­pa­raz­çy­lyk ede­bi gym­mat­lyk­la­ry güýç­li tä­sir edip­dir. Ol Fa­ra­by­nyň, Fer­döw­si­niň, ymam al-Bu­ha­ry­nyň, Abu Ab­dyl­la Bü­reý­dä­niň, Abu Reý­han Bi­ru­ny­nyň, Ber­bad Mer­we­zi­niň ta­ry­hy tag­ly­mat­la­ry­ny we yl­my açyş­la­ry­ny çuň­ňur öz­leş­di­rip­dir. Alym­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Şihabud­din Abu Hafs Omar ibn Ab­dyl­lah as-Süh­ra­wer­di­niň ha­dys ylym­la­ry­na de­giş­li 15 sa­ny, mis­ti­ki kä­mil­lik yl­ha­my­na de­giş­li 20 sa­ny, fi­lo­so­fi­ýa de­giş­li 10 sa­ny, poe­zi­ýa de­giş­li 7 sa­ny ki­tap ýa­zan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ýa­na­ma we tir­me aý­dym­la­ryň or­ta asyr şa­hy­ra­na nus­ga­la­ry­ny çe­per be­ýan et­mek­de is­mi alys­la­ra aşan Aşyk Aý­dyň pir öz mü­rit­le­ri­ne müň gün ter­bi­ýe, edep ka­da­la­ry­ny, bi­lim esas­la­ry­ny öw­re­nen­den, ta­ry­kat, şe­ri­gat, mag­ry­fet ylym­la­ry, kyrk gün çil­le çek­mek yba­da­ty bo­ýun­ça sy­nag­lar­dan ge­çen­den soň­ra ak pa­ta be­rip­dir. Aşyk Aý­dyň pir Abu Be­kir Syd­dy­hyň ne­sil da­rag­ty­nyň şe­je­re uru­gy­nyň we­ki­li ha­sap edil­ýär. Gaz­ma du­ta­ra dil bi­ti­ren Aşyk Aý­dyň pi­riň pi­kir­le­ri, ta­ry­hy hyz­mat­la­ry M.Kaş­gar­ly­nyň, Alyşir No­wa­ýy­nyň, Ab­dy­rah­man Ja­my­nyň, Sag­dy Şi­ra­zy­nyň, Möw­la­na Hü­se­ýin Wa­gyz Kä­şi­fi­niň, Nej­med­din Kub­ra­nyň, Abul­ga­zy Ba­ha­dur ha­nyň, A.Wam­be­ri­niň eser­le­rin­de duş gel­ýär. Da­na­lar ýyl­dy­zy­nyň göz­ba­şy­na de­ňe­len Aşyk Aý­dyň pi­riň «Yla­hy yl­ha­myň yk­lym­la­ry­na dü­şün­di­riş» at­ly ki­ta­by­nyň bar­dy­gy­ny alym­lar bel­le­ýär­ler. Or­ta asyr­lar­da ede­bi dil­de çe­per ede­bi­ýa­tyň we söz sun­ga­ty­nyň baý­lyk­la­ry­ny, halk dö­re­di­ji­lik eser­le­ri­ni ýat­dan aý­dy­jy­la­ra we wa­gyz edi­ji­le­re ozan­lar, ata­lar, akyn­lar, aşyk bo­lup yş­ky wy­sal bo­lan­lar, ha­fyz­lar diý­lip­dir. Aşyk Aý­dyň we Süh­ra­wer­di söz­le­ri­niň ma­ny­la­ry­nyň «yşk bi­len ýal­ka­nan», «hüm­met be­ren mä­lik», «nag­ma­la­ryň hö­küm­da­ry», «bent­le­riň ma­ny go­ýa­zy­ly­gy­ny mu­kam­lar bi­len dü­şün­di­ri­ji» we «du­tar ýa­sa­mak se­ne­di­niň hem-de bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­nyň ker­wen­ba­şy­sy» diý­me­gi aň­lad­ýan­dy­gy söz­lük­ler­de be­ýan edil­ýär.
Go­şa tar­la­ra dil bi­ti­ren Aşyk Aý­dyň pi­riň ah­lak ün­dew­le­ri, wa­gyz­la­ry köp­san­ly «Fe­tuw­wet­na­ma­lar­da» («Kä­mil­lik ýö­rel­ge­le­ri» ba­ra­da­ky trak­tat­lar­da), pent­na­ma­lar­da duş gel­ýär. 2012-nji ýyl­da F.M.Ah­ra­row ta­ra­pyn­dan Du­şen­be­de «Şihabud­din Abu Hafs Omar ibn Ab­dyl­lah as-Süh­ra­wer­di­niň ru­hy-mis­ti­ki ga­ra­ýyş­la­ry» ady bi­len, 2015-nji ýyl­da Sag­wand Zeý­nep Mäh­di ta­ra­pyn­dan «Abu Aly ibn Si­na­nyň we Şihabud­din as-Süh­ra­wer­di­niň dö­re­di­ji­lik pi­kir­le­ri­niň ta­ry­hy de­ňeş­dir­me göz­leg usu­ly­ýe­ti» ady bi­len fi­lo­so­fi­ýa ylym­la­ry bo­ýun­ça alym­lyk de­re­je­le­ri­ni al­mak üçin yl­my iş­ler üs­tün­lik­li go­ral­ýar. Aşyk Aý­dyň pi­riň dur­muş yk­ba­ly­ny, ede­bi dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy­ny we ta­ry­hy şah­sy­ýet hök­mün­dä­ki jem­gy­ýet­çi­lik hyz­mat­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni dür­li ýyl­lar­da dür­li dil­ler­de yl­myň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça düýp­li öw­ren­mä­ge köp sanly alym­lar, ga­lam­gär­ler, me­de­ni­ýet we­kil­le­ri uly go­şant goş­du­lar. Sa­zyň yl­my we ama­ly ka­nun­la­ry, halk saz gu­ral­la­ry­nyň saz­la­şyk­ly, te­sel­li ber­ýän owaz­la­ry, mu­kam­ly sun­ga­tyň na­za­ry we ta­ry­hy tej­ri­be­le­ri ar­ka­ly nä­sag­la­ry be­jer­me­giň il­kin­ji mek­de­bi­ni esas­lan­dy­ran Aşyk Aý­dyň pi­re geç­miş­de Keý-Hys­row, Keý­ku­bat, Eý­ýu­by, Kö­ne­ür­genç şa­la­ry we sol­tan­la­ry uly hor­mat go­ýup­dyr­lar we onuň hor­ma­ty­na dür­li se­bit­ler­de wa­kyf mülk­le­ri­ni (goş­ma­ça ýer bö­lek­le­ri­ni), ha­na­ka, di­wan, sa­raý köşk­le­ri­ni gu­rup be­rip­dir­ler. Bag­dat ha­ly­fy Abul Ab­bas Ah­met an-Na­syr, şa Alaed­din Keý-Ki­bat, sol­tan Seý­wed­din Abu­bekr Ah­met ibn Nej­med­din Eý­ýu­by ibn al-Adyl I, hö­küm­dar Mu­ham­met Alaed­din Dün­ýä­wed­din Abul­fath Mu­ham­met ibn Te­keş Aşyk Aý­dyň pi­ri «äh­li yk­lym­lar­da äh­li pur­sat­da eziz­len­me­li, sar­pa­lan­ma­ly şah­sy­ýet hök­mün­de» gö­rüp­dir­ler. Da­nyş­men­diň ta­ry­hy, ede­bi we jem­gy­ýet­çi­lik or­ny ba­ra­da B.N.Ba­si­lo­wyň «Ys­lam­da ke­ra­mat­ly­la­ryň keş­bi», P.Bram­mel­liň «Türk­me­nis­tan» at­ly ki­tap­la­ryn­da hem-de «Dün­ýä halk­la­ry­nyň he­ka­ýat­la­ry» at­ly iki jilt­lik hres­to­ma­ti­ýa­da, «Türk­me­nis­tan: Mag­tym­gu­ly­nyň Wa­ta­ny­nyň sun­ga­ty» (ABŞ, Smit­so­n ins­ti­tu­ty­nyň iş­le­ri) at­ly gol­lan­ma­da hem gy­zyk­ly, özü­ne­çe­ki­ji, tä­sin mag­lu­mat­lar duş gel­ýär. Aşyk Aý­dyň pir bi­len bag­la­ny­şyk­ly çe­per kys­sa­la­ry, ga­zal­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek halk bag­şy­la­rynyň, kom­po­zi­tor­la­ryň, at ga­za­nan ar­tist­le­riň re­per­tu­ar­la­ryn­da duş gel­ýär. Du­ta­ryň çir­tim, şel­pe, pi­tik, çe­kim, şir­wan, gy­ruw per­de­le­rin­de, ka­kuw­la­ryn­da şi­rin heň­le­ri la­byz­ly, nä­zik­lik bi­len dil­len­di­ren Aşyk Aý­dyň pi­riň aram­gä­hi ga­dy­my Şäh­ri­bos­san ýaý­la­syn­da – hä­zir­ki Aşyk Aý­dyň oba ge­ňeş­li­gi­niň çä­gin­de ýer­leş­ýär. Aşyk Aý­dyň pi­riň ba­ky aram ta­pan küm­me­tin­de (ini 7 metr, uzyn­ly­gy 14 metr, be­ýik­li­gi 5 metr) 1990-njy, 2000-nji, 2020-nji ýyl­lar­da düýp­li abat­la­ýyş, re­je­le­ýiş we bi­na­gär­çi­lik sun­ga­tyň iň kä­mil nus­ga­la­ryn­da ha­şam­ly be­zeg­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Bu aram­gäh­de soň­ky ge­zek di­kel­diş iş­le­ri­niň XVII asyr­da ge­çi­ri­len­di­gi ar­heo­lo­gik mag­lu­mat­lar­da duş gel­ýär. Geç­miş­de ir­ki or­ta asyr­la­ryň Was, Üst­ýurt, Uz­boý, Üňüz, Ha­za­ra­sp, Kö­ne­ür­genç ýa­ly mekanlaryň, ga­dy­my Tu­ran ýaý­la­sy­nyň de­mir­ga­zyk gün­ba­tar se­bit­le­ri­niň dö­re­di­ji­lik mek­dep­le­ri­niň iň gör­nük­li we­ki­li hök­mün­de şöh­rat­la­nan Aşyk Aý­dyň pi­riň ady­ny gö­ter­ýän oba ge­ňeş­li­gi 1996-njy ýy­lyň 26-njy iýu­lyn­da hä­zir­ki Ru­hu­be­lent et­ra­by­nyň mer­ke­zin­den 12 ki­lo­metr de­mir­ga­zyk-gün­ba­tar çäk­de dö­re­dil­ýär. Aşyk Aý­dyň pi­riň ga­dam ba­san me­ka­ny­na go­laý kün­jek­de bu gün­ki gün Bag­şy­ly, Oguz­boý, Üňüz ýa­ly säh­ra­lar, gyr­lar, Şa­ga­dam, Eg­ri­gu­ýy, Mag­ru­py, Şa­ben­de, Maň­gy­ra­bat ýa­ly ýaý­la­lar, düz­lük­ler, ilat­ly no­kat­lar, oba ge­ňeş­lik­le­ri dö­re­dil­di. 1993-nji ýyl­da oba ge­ňeş­li­gi­niň mer­ke­zin­de türk­men du­ta­ry­nyň 9 met­re go­laý al­tyn­sow be­lent heý­ke­li, 1994-nji ýyl­da gü­ne­şiň nur­la­ry­ny ýa­da sal­ýan reňk­ler­de Aşyk Aý­dyň pi­riň 12 metr be­lent­lik­dä­ki heý­ke­li otur­dyl­dy. Ta­ry­hy wa­ka­la­ry, mil­le­tiň mer­te­be­si­ni şöh­rat­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len, yl­myň, me­de­ni­ýe­tiň, sun­ga­tyň gül­läp ös­me­gi­ne aý­ra­tyn uly go­şant go­şan us­sa­dyň ady­ny gö­ter­ýän oba ge­ňeş­li­giň go­la­ýyn­da 2008-nji ýy­lyň 17-nji okt­ýab­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da Ru­hu­be­lent et­rap mer­ke­zi we şä­he­ri, 2000-nji ýy­lyň tom­sun­da we 2024-nji ýy­lyň ba­har pas­lyn­da üç müň orun­lyk ka­şaň, döw­re­bap tä­ze met­jit, me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň on­lar­ça top­lum­la­ry gur­lup ula­nma­ga be­ril­di. Aý­dym-saz sun­ga­ty bo­ýun­ça il­kin­ji ge­zek Aşyk Aý­dyň pi­riň me­ka­nyn­da 1991-nji ýy­lyň to­mus pas­lyn­da hal­ka­ra fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­di. Bu fes­ti­wa­la 32 döw­let­den 1200-e go­laý bag­şy­, aý­dym­çy­, sa­zan­da­, folk­lor to­par­la­ry­nyň ag­za­la­ry gat­naş­dy­lar. 2013-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Be­ýik Sa­par­my­rat
Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Baş aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry ta­ra­pyn­dan «Ne­je­p og­lan» we «Gö­rog­ly» des­sa­ny esa­syn­da ady­bir dü­züm­de spek­takl­lar to­ma­şa­çy­la­ra gör­ke­zil­di. 2019-njy ýy­lyň 25-nji de­kab­ryn­da Oguz­han adyn­da­ky «Türk­men­film» bir­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan «Ne­je­p og­lan» des­sa­ny esa­syn­da taý­ýar­la­nan tä­ze çe­per film il­kin­ji ge­zek to­ma­şa­çy­la­ra gör­ke­zil­di. 2020-nji ýy­lyň 23-nji iýu­nyn­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Milli saz­ly dra­ma te­at­ryn­da il­kin­ji ge­zek «Ne­je­p og­lan» ope­ra­sy sah­na­laş­dy­ryl­dy. 2015-nji ýyl­da «Gö­rog­ly» şa­des­sa­ny, 2021-nji ýyl­da «Türk­men mil­li du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi­ni we du­tar­da saz çal­mak hem-de bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty» ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň Mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň gör­nük­li nus­ga­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Mu­nuň özi aý­dym-sa­zyň pi­ri, halk çe­per dö­re­di­ji­li­gi­niň meş­hur us­sa­sy, bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­nyň ker­wen­ba­şy­sy, ady ro­wa­ýat­la­ra öw­rü­len, saz­lar­da ýa­şa­ýan, mu­kam­lar­da ömür sür­ýän, owaz­lar um­ma­nyn­da ýüz­ýän Aşyk Aý­dyň pi­re hal­ka­ra de­re­je­sin­de goý­lan be­ýik sar­pa hök­mün­de hem da­ba­ra­lan­ýar.

Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.