Ýurdumyzyň Daşoguz welaýaty döredijilik zehinine eýe bolan taryhy şahsyýetleriň onlarçasynyň mekanydyr. Şolaryň biri hem Aşyk Aýdyň pirdir. Ylmy edebiýatlarda Aşyk Aýdyň piriň doly ady Şihabuddin Abu Hafs Omar ibn Abdyllah as-Sührawerdi görnüşinde duş gelýär. Onuň edebi keşbi, ýokary sazandarlyk ukyby, akyldarlyk ussatlygy we taryhy döredijilik kuwwaty bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlar halkymyzyň «Görogly» eposynda, «Nejep oglan», «Şasenem-Garyp» dessanlarynda hem-de şahyrana liriki-epiki žanrlardaky eserlerde, gazallarda, kyssalarda, hekaýatlarda, rowaýatlarda, etnografik çeşmelerde köp duşýar. Türkmen halkynyň durmuşynyň etniki, arheologiki, taryhy, çeperçilik, ylmy, ruhy we milli umumylygynyň özboluşly wakalarynyň köpsanly häsiýetlerini özünde jemleýän «Görogly» eposyndaky:
Mundan gitseň Şähribossan baryp git,
Aşyk Aýdyň pirden pata alyp git –
diýen şatlyk çeşmesine öwrülen şahyrana setirleri ýurdumyzyň demirgazyk sebiti bilen baglanyşyklydyr. Taryhy çeşmelerde Aşyk Aýdyň piriň 1145-1234-nji
ýyllar aralygynda ýaşap geçendigi bellenilýär. Ol orta asyr Şähribossan, Tus, Zenjan, Nişapur, Horasan, Hemedan, Bagdat, Buhara, Samarkant, Töwriz, Şiraz, Hyrat mekdeplerinde okap, çuňňur we köptaraply, düýpli bilim alypdyr. Mertebeli alymyň ömrüne we ykbalyna hemdem bolan gadymy oturymly Şähribossan medeni oazisiniň gündogarynda Şasenem, Was, Şirwangala, demirgazygynda Diýarbekir, Şamahy, günortasynda Tüniderýa, Akjagelin, günbatarynda Aýböwür, Döwkesen ýaly irki orta asyr merkezleri, hasylly ekerançylyk ýaýlalary ýerleşýär. VII-XIII asyrlar aralygynda gündogar halklarynyň agzeki, ýazuwly edebi döredijiliginde durmuşy duýgulary söz we saz arkaly belent, täsirli, gyzykly, özüneçekiji beýan edýän dessançylyk, sakynamaçylyk, aýdyşyk, mugamçylyk, aruzçylyk, tejnisçilik, hamsaçylyk, gazalçylyk däpleriniň ýaýrawy has-da rowaçlanýar. Poeziýada olara aşugçylyk mekdebiniň ussatlary diýlipdir. XII-XIII asyrlarda Aşyk Aýdyň piriň mübärek ismi Gündogar sebitlerinde aşugçylyk mekdebiniň ähli ugurlary boýunça ylahy zehinli, baý döredijilik gorly, şahyrana ukyply sazanda hökmünde taryhy sahnada has-da arşa galýar. Mertebeli döredijilik dünýäsi halklaryň köpsanly milli çeperçilik kökleriniň hakykatlaryna ýaýrap giden Aşyk Aýdyň pire öz döwründe dutar (tamdyra), gyjak, tebil, goltuk, goşa nagaralary, domra, balaman, rubap, arfa, alt, keman, gopuz, naý, ut, çeň, surnaý, kernaý, dowul, tanbur, sitar, çartar, pençdär, şaştar, deprek, gargy we dilli tüýdük ýaly saz gurallaryny çalmagyň, kakylyp, üflenip, syhalyp çalynýan we kirişli saz gurallarynda şirin owazlary ýerine ýetirmegiň, olary ýasamagyň beýik mugallymy hökmünde uly hormat goýlupdyr. Onuň owazly dünýälerini, saz tebigatyny we heňleriň gözellik lezzetini halklar köräp duran yşkyň zerli kitaby hökmünde kabul edipdirler. Halk saz repertuarlarynyň baýlaşmagyna we bagşyçylyk sungatynyň kämilleşmegine uly goşant goşan Aşyk Aýdyň pir geçmişde meşhur aryf, Gündogar poeziýasynyň sufizm lirikasynyň iň görnükli wekili, şahyr, orta asyr Köneürgenç edebi mekdebini esaslandyryjy filosof hökmünde tanalypdyr. Onuň durmuş ahlagynda we akyda ygtykatynda (ynamynda) arassaçylyk, uklamak, iýmitlenmek, halal zähmet çekmek, asudalyk, wepadarlyk, sahylyk, dostluk, sabyrlylyk, mätäçlere hossarlyk etmek, sadalyk, hoşniýetlilik, mylakatlylyk ýaly mukaddes kadalar ilkinji basgançagy eýeläpdir. Edebi mirasy onlarça halklaryň medeni baýlyklarynyň umumy, ýakyn we meňzeş ykballaryny öwrenmäge mümkinçilik berýän Aşyk Aýdyň pir barada ilkinji maglumatlar 1330-njy ýylda Yzzatdin Mahmut Aly Kaşininiň, Seýit Şarif Jürjanynyň, Abubakr Muhammet Hawafiniň, Juneýit ibn Abdyrahman Şirazynyň eserlerinde giňişleýin agzalýar. Mübärek we şöhratly adyny asyrlar dessana öwren Aşyk Aýdyň piriň döredijilik ylhamyna Mälik ibn Enesiň, as-Sakatynyň, Baýezit Bistamynyň, Jüneýit Bagdadynyň, Abdylkadyr Gilanynyň, al-Andulysy ibn Arabyň, al-Gazalynyň, al-Faridiniň, Barzuwynyň, Apbas Merweziniň döredijiligi, sanskrit, pehlewi, otparazçylyk edebi gymmatlyklary güýçli täsir edipdir. Ol Farabynyň, Ferdöwsiniň, ymam al-Buharynyň, Abu Abdylla Büreýdäniň, Abu Reýhan Birunynyň, Berbad Merweziniň taryhy taglymatlaryny we ylmy açyşlaryny çuňňur özleşdiripdir. Alymlaryň bellemegine görä, Şihabuddin Abu Hafs Omar ibn Abdyllah as-Sührawerdiniň hadys ylymlaryna degişli 15 sany, mistiki kämillik ylhamyna degişli 20 sany, filosofiýa degişli 10 sany, poeziýa degişli 7 sany kitap ýazandygy bellenilýär. Ýanama we tirme aýdymlaryň orta asyr şahyrana nusgalaryny çeper beýan etmekde ismi alyslara aşan Aşyk Aýdyň pir öz müritlerine müň gün terbiýe, edep kadalaryny, bilim esaslaryny öwrenenden, tarykat, şerigat, magryfet ylymlary, kyrk gün çille çekmek ybadaty boýunça synaglardan geçenden soňra ak pata beripdir. Aşyk Aýdyň pir Abu Bekir Syddyhyň nesil daragtynyň şejere urugynyň wekili hasap edilýär. Gazma dutara dil bitiren Aşyk Aýdyň piriň pikirleri, taryhy hyzmatlary M.Kaşgarlynyň, Alyşir Nowaýynyň, Abdyrahman Jamynyň, Sagdy Şirazynyň, Möwlana Hüseýin Wagyz Käşifiniň, Nejmeddin Kubranyň, Abulgazy Bahadur hanyň, A.Wamberiniň eserlerinde duş gelýär. Danalar ýyldyzynyň gözbaşyna deňelen Aşyk Aýdyň piriň «Ylahy ylhamyň yklymlaryna düşündiriş» atly kitabynyň bardygyny alymlar belleýärler. Orta asyrlarda edebi dilde çeper edebiýatyň we söz sungatynyň baýlyklaryny, halk döredijilik eserlerini ýatdan aýdyjylara we wagyz edijilere ozanlar, atalar, akynlar, aşyk bolup yşky wysal bolanlar, hafyzlar diýlipdir. Aşyk Aýdyň we Sührawerdi sözleriniň manylarynyň «yşk bilen ýalkanan», «hümmet beren mälik», «nagmalaryň hökümdary», «bentleriň many goýazylygyny mukamlar bilen düşündiriji» we «dutar ýasamak senediniň hem-de bagşyçylyk sungatynyň kerwenbaşysy» diýmegi aňladýandygy sözlüklerde beýan edilýär.
Goşa tarlara dil bitiren Aşyk Aýdyň piriň ahlak ündewleri, wagyzlary köpsanly «Fetuwwetnamalarda» («Kämillik ýörelgeleri» baradaky traktatlarda), pentnamalarda duş gelýär. 2012-nji ýylda F.M.Ahrarow tarapyndan Duşenbede «Şihabuddin Abu Hafs Omar ibn Abdyllah as-Sührawerdiniň ruhy-mistiki garaýyşlary» ady bilen, 2015-nji ýylda Sagwand Zeýnep Mähdi tarapyndan «Abu Aly ibn Sinanyň we Şihabuddin as-Sührawerdiniň döredijilik pikirleriniň taryhy deňeşdirme gözleg usulyýeti» ady bilen filosofiýa ylymlary boýunça alymlyk derejelerini almak üçin ylmy işler üstünlikli goralýar. Aşyk Aýdyň piriň durmuş ykbalyny, edebi döredijilik mirasyny we taryhy şahsyýet hökmündäki jemgyýetçilik hyzmatlarynyň ähmiýetini dürli ýyllarda dürli dillerde ylmyň dürli ugurlary boýunça düýpli öwrenmäge köp sanly alymlar, galamgärler, medeniýet wekilleri uly goşant goşdular. Sazyň ylmy we amaly kanunlary, halk saz gurallarynyň sazlaşykly, teselli berýän owazlary, mukamly sungatyň nazary we taryhy tejribeleri arkaly näsaglary bejermegiň ilkinji mekdebini esaslandyran Aşyk Aýdyň pire geçmişde Keý-Hysrow, Keýkubat, Eýýuby, Köneürgenç şalary we soltanlary uly hormat goýupdyrlar we onuň hormatyna dürli sebitlerde wakyf mülklerini (goşmaça ýer böleklerini), hanaka, diwan, saraý köşklerini gurup beripdirler. Bagdat halyfy Abul Abbas Ahmet an-Nasyr, şa Alaeddin Keý-Kibat, soltan Seýweddin Abubekr Ahmet ibn Nejmeddin Eýýuby ibn al-Adyl I, hökümdar Muhammet Alaeddin Dünýäweddin Abulfath Muhammet ibn Tekeş Aşyk Aýdyň piri «ähli yklymlarda ähli pursatda ezizlenmeli, sarpalanmaly şahsyýet hökmünde» görüpdirler. Danyşmendiň taryhy, edebi we jemgyýetçilik orny barada B.N.Basilowyň «Yslamda keramatlylaryň keşbi», P.Brammelliň «Türkmenistan» atly kitaplarynda hem-de «Dünýä halklarynyň hekaýatlary» atly iki jiltlik hrestomatiýada, «Türkmenistan: Magtymgulynyň Watanynyň sungaty» (ABŞ, Smitson institutynyň işleri) atly gollanmada hem gyzykly, özüneçekiji, täsin maglumatlar duş gelýär. Aşyk Aýdyň pir bilen baglanyşykly çeper kyssalary, gazallary ýerine ýetirmek halk bagşylarynyň, kompozitorlaryň, at gazanan artistleriň repertuarlarynda duş gelýär. Dutaryň çirtim, şelpe, pitik, çekim, şirwan, gyruw perdelerinde, kakuwlarynda şirin heňleri labyzly, näziklik bilen dillendiren Aşyk Aýdyň piriň aramgähi gadymy Şähribossan ýaýlasynda – häzirki Aşyk Aýdyň oba geňeşliginiň çäginde ýerleşýär. Aşyk Aýdyň piriň baky aram tapan kümmetinde (ini 7 metr, uzynlygy 14 metr, beýikligi 5 metr) 1990-njy, 2000-nji, 2020-nji ýyllarda düýpli abatlaýyş, rejeleýiş we binagärçilik sungatyň iň kämil nusgalarynda haşamly bezegler ýerine ýetirildi. Bu aramgähde soňky gezek dikeldiş işleriniň XVII asyrda geçirilendigi arheologik maglumatlarda duş gelýär. Geçmişde irki orta asyrlaryň Was, Üstýurt, Uzboý, Üňüz, Hazarasp, Köneürgenç ýaly mekanlaryň, gadymy Turan ýaýlasynyň demirgazyk günbatar sebitleriniň döredijilik mekdepleriniň iň görnükli wekili hökmünde şöhratlanan Aşyk Aýdyň piriň adyny göterýän oba geňeşligi 1996-njy ýylyň 26-njy iýulynda häzirki Ruhubelent etrabynyň merkezinden 12 kilometr demirgazyk-günbatar çäkde döredilýär. Aşyk Aýdyň piriň gadam basan mekanyna golaý künjekde bu günki gün Bagşyly, Oguzboý, Üňüz ýaly sähralar, gyrlar, Şagadam, Egriguýy, Magrupy, Şabende, Maňgyrabat ýaly ýaýlalar, düzlükler, ilatly nokatlar, oba geňeşlikleri döredildi. 1993-nji ýylda oba geňeşliginiň merkezinde türkmen dutarynyň 9 metre golaý altynsow belent heýkeli, 1994-nji ýylda güneşiň nurlaryny ýada salýan reňklerde Aşyk Aýdyň piriň 12 metr belentlikdäki heýkeli oturdyldy. Taryhy wakalary, milletiň mertebesini şöhratlandyrmak maksady bilen döredilen, ylmyň, medeniýetiň, sungatyň gülläp ösmegine aýratyn uly goşant goşan ussadyň adyny göterýän oba geňeşligiň golaýynda 2008-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Ruhubelent etrap merkezi we şäheri, 2000-nji ýylyň tomsunda we 2024-nji ýylyň bahar paslynda üç müň orunlyk kaşaň, döwrebap täze metjit, medeni-durmuş maksatly desgalaryň onlarça toplumlary gurlup ulanmaga berildi. Aýdym-saz sungaty boýunça ilkinji gezek Aşyk Aýdyň piriň mekanynda 1991-nji ýylyň tomus paslynda halkara festiwaly geçirildi. Bu festiwala 32 döwletden 1200-e golaý bagşy, aýdymçy, sazanda, folklor toparlarynyň agzalary gatnaşdylar. 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry tarapyndan «Nejep oglan» we «Görogly» dessany esasynda adybir düzümde spektakllar tomaşaçylara görkezildi. 2019-njy ýylyň 25-nji dekabrynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan «Nejep oglan» dessany esasynda taýýarlanan täze çeper film ilkinji gezek tomaşaçylara görkezildi. 2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda ilkinji gezek «Nejep oglan» operasy sahnalaşdyryldy. 2015-nji ýylda «Görogly» şadessany, 2021-nji ýylda «Türkmen milli dutar ýasamak senetçiligini we dutarda saz çalmak hem-de bagşyçylyk sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Munuň özi aýdym-sazyň piri, halk çeper döredijiliginiň meşhur ussasy, bagşyçylyk sungatynyň kerwenbaşysy, ady rowaýatlara öwrülen, sazlarda ýaşaýan, mukamlarda ömür sürýän, owazlar ummanynda ýüzýän Aşyk Aýdyň pire halkara derejesinde goýlan beýik sarpa hökmünde hem dabaralanýar.
Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.
PDF








