Häzirki wagtda bütindünýä torunyň we sanly tehnologiýalaryň çalt ösmegi bilen durmuşymyz internete we kompýuter ulgamlaryna bagly bolup başlady. Bu sanly özgerişligiň merkezinde bolsa iki sany esasy düşünje durýar: emeli aň (EA) hem-de kiberhowpsuzlyk. Bu iki ugur diňe bir tehnologiýa dünýäsine däl, eýsem gündelik durmuşymyza, kibergiňişlige we döwletleriň maglumat howpsuzlygyna hem düýpli täsir edýär.
Emeli aň – kompýuter ulgamlarynyň ýa-da maksatnamalarynyň adam aňyna meňzeş pikirlenmek, öwrenmek, derňew geçirmek we netijä gelmek ukybydyr. Adaty programmalar diňe özüne berlen buýruklary ýerine ýetirýän bolsa, emeli aň uly göwrümli maglumatlary (Big Data) seljerip, öz-özüni kämilleşdirip bilýär.
Häzirki wagtda emeli aň lukmançylykda keselleri anyklamakda, mediada mazmun döretmekde, bilimde we önümçilik amallaryny awtomatlaşdyrmakda giňden ulanylýar.
Kiberhowpsuzlyk bolsa, kompýuterleri, serwerleri, ykjam enjamlary, elektron ulgamlary we maglumatlary zyýanly hüjümlerden goramagyň çäreler toplumydyr. Sanly dünýäde maglumatlaryň we şahsy maglumatlaryň mukdary artdygyça, ulgamlaryň hatardan çykarylmagy ýa-da galp maglumatlaryň döredilmegi ýaly hareketleriň peýda bolýar. Kiberhowpsuzlyk diňe bir şahsy maglumatlary däl, eýsem bank ulgamlaryny, maglumat bazalaryny we strategik desgalary goramakda hem uly ähmiýete eýedir.
Emeli aň we kiberhowpsulyk bir-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Emeli aň kiberhüjümleri öňünden duýmaga we wagtynda duýdurmaga kömek edýär. Meselem, ol millionlarça maglumat akymyny sekuntdan hem az wagtda derňäp, adatdan daşary hereketleri tapyp bilýär.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek we sanlylaşdyrmak barada giň gerimli işler alnyp barylýar. Kibergiňişligi goramak maksady bilen “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu resminama milli maglumat meýdançasyny goramagyň, möhüm kiberdesgalaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň hukuk esaslaryny kesgitleýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Döwlet edaralarynda (meselem, e-döwlet hyzmatlary, onlaýn töleg ulgamlary, sanly köpçülikleýin habar serişdeleri) täze tehnologiýalary, şol sanda awtomatlaşdyrylan derňew gurallaryny girizmek işleri işjeňleşdirilýär.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk we progrommalaşdyrmak boýunça hünärmenleri ýetişdirmäge uly üns berilýär. Mundan başga-da, mediada we önümçilikde emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça dürli maslahatlar we amaly okuwlar geçirilýär. 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde bakalawr maksatnamasy boýunça emeli aň we ekspert ulgamlary taýýarlygyň ugry, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde emeli aň we maglumatlary seljermek hünäriniň açylmagy türkmen ýaşlarynyň häzirki zaman tehnologiýalaryna işjeň aralaşmagyna giň mümkinçilik döreder.
Merjen Baýramgulyýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF








