Niderlandlaryň Owereýsel welaýatynda ýerleşýän Githorn obasy taryhy jaýlary we gaýykly gezelençleri bilen täsin syýahatçylyk gurşawyny hödürleýär. Wenesiýa şäherine meňzeýändigi üçin «Niderlandlaryň Wenesiýasy» diýlip atlandyrylýan bu oba Orta asyrlara degişli jaýlary we kanallary bilen ertekilerdäki obalara meňzeýär.
2 müň 600 töweregi ilaty bolan suw içindäki obada asfalt düşelen ýol ýa-da beýleki ulag serişdeleri hereket etmeýär. Obany diňe gaýykly, pyýada ýa-da welosipedli gezelenç edip bolýar. Tomus aýlarynda has köp adamly bolýan Niderlandlaryň Wenesiýasyna Uzak we Ýakyn Gündogardan örän köp syýahatçy barýar. Her ýyl, takmynan, 1,2 million syýahatçyny garşy alýan bu obada 176 sany agaç köpri bar.
Obadaky jaýlaryň köpüsi kiçijik adalarda ýerleşýär. Üsti gamyş bilen basyrylan taryhy öýleriň köpüsinde iki gapy bar. Öý eýesi we maşgala agzalary gapdal gapydan girip-çykýar. Öň tarapdaky gapy bolsa toý dabaralarynda we myhman gelende açylýar. Daş-töweregi suw bilen gurşalan obanyň ýaşaýjylary goňşularynyňka diňe agaç köprüden geçip baryp bilýärler. Maglumatlara görä, obadaky suw ýolunyň uzynlygy 9 kilometre ýetýär. Githorn obasynyň iň esasy aýratynlygy bolsa, awtoulag serişdesiniň düýbünden ýokdugydyr. Obada soňky ýyllarda gaty ses çykarýan motorly gaýyklar gadagan edildi. Ýerli ýaşaýjylar we syýahatçylar elektrik hereketlendirijili, «ümsüm gaýyklar» (silent boats) diýlip atlandyrylýan sessiz gaýyklary ulanýarlar. Oba ilkinji gezek XIII asyrda (1230-njy ýyllarda) ýaşaýjylar göçüp gelýärler. Şol döwürler güýçli ýagyşdan soň, bu ýerden köp mukdarda geçi şahlary tapylypdyr. Şeýlelikde, ýaşaýjylar bu obany «Geçi şahy» (Gietehorne) diýip atlandyryp ugrapdyrlar.
Githorn obasy täsin arhitekturasy bilen tapawutlanýar. Bu ýerdäki jaýlaryň köpüsiniň diwary gyzyl kerpiçden, üçegi bolsa gamyşdan örülýär. Gadymy döwürlerde obada gamyş iň arzan material bolandygy sebäpli, jaýlaryň üçegini gamyş bilen basyrmak däbe öwrülipdir. Öýleriň töwereginde dürli reňkli gülleri we owadan agaçlary görmek bolýar. Githorn obasy 1958-nji ýylda niderland režissýory Bert Hanstranyň surata düşüren «Fanfare» atly komediýa filminden soň, tutuş dünýä meşhur bolýar.
Belli niderland işewüri Lizanne Hubbers öz beýanatynda Githorny «Niderlandlaryň iň owadan obasy» diýip häsiýetlendirýär. Ol Githorn obasynyň kiçiligini we hakyky häsiýetini saklap galandygy barada şeýle belleýär: «Bu ýer örän owadan. Bizde bol suw, owadan tebigat we ferma jaýlary bar. Şeýle hem birnäçe suw ýollary bar. Bu ýeriň ýaşaýjylary öýlerine diňe gaýykly baryp bilýärler. Bu oba ir döwürler torf işläp çykarmagyň netijesinde emele gelipdir. Birmahallar gamyş ýygnalan bu ýerde häzirem jaýlaryň üçeginde gamyş we saman üýşmegini görmek bolýar».
Githornda «gaýykly ýollardan» başga, demirgazykdan günorta tarapa uzaýan welosiped ýoly hem bar. Tomsuna bu ýerde gaýykly gezelenç edilýän bolsa, gyşyna kanallaryň doňmagy bilen, ýerli ýaşaýjylar we myhmanlar buzuň üstünde konkili typyp, obada gezelenç edip bilýärler.
PDF









