Ni­der­land­la­ryň Owe­reý­sel we­la­ýa­tyn­da ýer­leş­ýän Git­horn oba­sy ta­ry­hy jaý­la­ry we ga­ýyk­ly ge­ze­lenç­le­ri bi­len tä­sin sy­ýa­hat­çy­lyk gur­şa­wy­ny hö­dür­le­ýär. We­ne­si­ýa şä­he­ri­ne meň­ze­ýän­di­gi üçin «Ni­der­land­la­ryň We­ne­si­ýa­sy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu oba Or­ta asyr­la­ra de­giş­li jaý­la­ry we ka­nal­la­ry bi­len er­te­ki­ler­dä­ki oba­la­ra meň­ze­ýär.
2 müň 600 tö­we­re­gi ila­ty bo­lan suw için­dä­ki oba­da as­falt dü­şe­len ýol ýa-da beý­le­ki ulag se­riş­de­le­ri he­re­ket et­me­ýär. Oba­ny di­ňe ga­ýyk­ly, py­ýa­da ýa-da we­lo­si­ped­li ge­ze­lenç edip bol­ýar. To­mus aý­la­ryn­da has köp adam­ly bol­ýan Ni­der­land­la­ryň We­ne­si­ýa­sy­na Uzak we Ýa­kyn Gün­do­gar­dan örän köp sy­ýa­hat­çy bar­ýar. Her ýyl, tak­my­nan, 1,2 mil­li­on sy­ýa­hat­çy­ny gar­şy al­ýan bu oba­da 176 sa­ny agaç köp­ri bar.
Oba­da­ky jaý­la­ryň kö­pü­si ki­çi­jik ada­lar­da ýer­leş­ýär. Üs­ti ga­myş bi­len ba­sy­ry­lan ta­ry­hy öý­le­ri­ň kö­pü­sin­de iki ga­py bar. Öý eýe­si we maş­ga­la ag­za­la­ry gap­dal ga­py­dan gi­rip-çyk­ýar. Öň ta­rap­da­ky ga­py bol­sa toý da­ba­ra­la­ryn­da we myh­man ge­le­n­de açyl­ýar. Daş-tö­we­re­gi suw bi­len gur­şa­lan oba­nyň ýa­şaý­jy­la­ry goň­şu­la­ry­nyň­ka di­ňe agaç köp­rü­den ge­çip ba­ryp bil­ýär­ler. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, oba­da­ky suw ýo­lu­nyň uzyn­ly­gy 9 ki­lo­met­re ýet­ýär. Git­horn oba­sy­nyň iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bol­sa, aw­tou­lag se­riş­de­si­niň düý­bün­den ýok­du­gy­dyr. Oba­da soň­ky ýyl­lar­da ga­ty ses çy­kar­ýan mo­tor­ly ga­ýyk­lar ga­da­gan edil­di. Ýer­li ýa­şaý­jy­lar we sy­ýa­hat­çy­lar elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­li, «ümsüm ga­ýyk­lar» (si­lent boats) diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan ses­siz ga­ýyk­la­ry ulan­ýar­lar. Oba il­kin­ji ge­zek XIII asyr­da (1230-njy ýyl­lar­da) ýa­şaý­jy­lar gö­çüp gel­ýär­ler. Şol dö­wür­ler güýç­li ýa­gyş­dan soň, bu ýer­den köp muk­dar­da ge­çi şah­la­ry ta­py­lyp­dyr. Şeý­le­lik­de, ýa­şaý­jy­lar bu oba­ny «Ge­çi şa­hy» (Gie­te­hor­ne) di­ýip at­lan­dy­ryp ug­rap­dyr­lar.
Git­horn oba­sy tä­sin ar­hi­tek­tu­ra­sy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu ýer­dä­ki jaý­la­ryň kö­pü­si­niň di­wa­ry gy­zyl ker­piç­den, üçe­gi bol­sa ga­myş­dan örülýär. Ga­dy­my dö­wür­ler­de oba­da ga­myş iň ar­zan ma­te­ri­al bo­lan­dy­gy se­bäp­li, jaý­la­ryň üçe­gi­ni ga­myş bi­len ba­syr­mak dä­be öw­rü­lip­dir. Öý­le­riň tö­we­re­gin­de dür­li reňk­li gül­le­ri we owa­dan agaç­la­ry gör­mek bol­ýar. Git­horn oba­sy 1958-nji ýyl­da ni­der­land re­žiss­ýo­ry Bert Hanst­ra­nyň su­ra­ta dü­şü­ren «Fan­fa­re» at­ly ko­me­di­ýa fil­min­den soň, tu­tuş dün­ýä meş­hur bol­ýar.
Bel­li ni­der­land işe­wü­ri Li­zan­ne Hub­bers öz be­ýa­na­tyn­da Git­hor­ny «Ni­der­land­la­ryň iň owa­dan oba­sy» di­ýip hä­si­ýet­len­dir­ýär. Ol Git­horn oba­sy­nyň ki­çiligini we ha­ky­ky hä­si­ýe­ti­ni sak­lap ga­lan­dy­gy­ barada şeýle belleýär: «Bu ýer örän owa­dan. Biz­de bol suw, owa­dan te­bi­gat we fer­ma jaý­la­ry bar. Şeý­le hem bir­nä­çe suw ýol­la­ry bar. Bu ýe­riň ýa­şaý­jy­la­ry öý­le­ri­ne di­ňe ga­ýyk­ly ba­ryp bil­ýär­ler. Bu oba ir dö­wür­ler torf iş­läp çy­kar­ma­gyň ne­ti­je­sin­de eme­le ge­lip­dir. Bir­ma­hal­lar ga­myş ýyg­na­lan bu ýer­de hä­zi­rem jaý­la­ryň üçe­gin­de ga­myş we sa­man üýş­me­gi­ni gör­mek bol­ýar».
Git­horn­da «ga­ýyk­ly ýol­lar­dan» baş­ga, de­mir­ga­zyk­dan gü­nor­ta ta­ra­pa uza­ýan we­lo­si­ped ýo­ly hem bar. Tom­su­na bu ýer­de ga­ýyk­ly ge­ze­lenç edil­ýän bol­sa, gy­şy­na ka­nal­la­ryň doň­ma­gy bi­len, ýer­li ýa­şaý­jy­lar we myh­man­lar bu­zuň üs­tün­de kon­ki­li ty­pyp, obada ge­ze­lenç edip bil­ýär­ler.