Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda guramanyň Baş sekretary wezipesine dalaşgärleriň «BMG-niň Baş sekretaryny saýlamak boýunça açyk maslahat: nobatdaky Baş sekretar» diýen mowzukdan açyk diskussiýa maksatnamasy geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň zalynda geçen çäräniň barşynda alty dalaşgär moderatorlaryň hem-de gatnaşyjylaryň guramadaky býujet meseleleri, BMG-niň ulgamyny özgertmek, şeýle hem halkara ýagdaýlary we çökgünlikler baradaky sowallaryna jogap berdiler.
BMG-niň Baş sekretary wezipesine Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) Baş direktory Rafael Grossi, BMG-niň Adam hukuklary boýunça öňki Ýokary komissary Mişel Baçelet, Senegalyň öňki Prezidenti Maki Sall, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Baş sekretary Rebeka Grinspan, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň başlygy (2018-2019-njy ýyllar) Mariýa Fernanda Espinosa hem-de Gaýana Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Kerolin Rodriges-Birkett dalaş edýärler.
Şu ýylyň 31-nji dekabrynda häzirki Baş sekretar Antoniu Guterrişiň ygtyýarlyk möhleti tamamlanýar. Ol bu ýokary wezipäni yzygiderli iki bäşýyllyk möhletiň barşynda eýeläp geldi.