«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda köp sanly çäreler geçirilýär. Şu ýylyň awgust aýynda hem birnäçe medeni-köpçülikleýin çäreler we maslahatlar guralar.

Geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli dabaralaryň, sergileriň, maslahatlaryň, wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleriň, döredijilik, zehin bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň, çeper okaýyşlaryň, milli oýunlar boýunça bäsleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda “Taryhy ýadygärlikleriň ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklary öwrenmekdäki orny” atly meýdan şertlerindäki okuw maslahatlarynyň, “Köpetdag” döwlet tebigy goraghanasynda bolsa “Köpetdagyň tebigy gözellikleri” atly maslahatyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň, “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Bu barada 24-nji iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi.