24-nji iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi.
Parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy. Bu resminama esasy ugurlaryň birnäçesinden ybaratdyr. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy berkitmegiň bähbidine halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmegiň wajyp tapgyry hökmünde garaýandygy bellenildi. Bu ugurda ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň çäginde birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Şolaryň hatarynda “Parahatçylyk we ynanyşmak”, “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýörelgeleri bilen bagly, şeýle hem “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamalary görkezmek bolar.
2027 — 2037-nji ýyllary BMG-niň “Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmek teklip ediler
Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynda bolsa Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda parahatçylyk, howpsuzlyk we öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine esaslanan Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny taýýarlamak boýunça döwletara geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýär. Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge toplumlaýyn çemeleşmäni ilerletmek maksady bilen, ýurdumyz ynanyşmak, dialog we öňüni alyş diplomatiýasy üçin giňişligi mundan beýläk-de ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş eder. Bu ugurda Türkmenistan 2027 — 2037-nji ýyllary Birleşen Milletler Guramasynyň “Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmegi teklip eder. Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň çäklerinde Köptaraplylygyň we döwletleriň özygtyýarly deňliginiň dostlary toparyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi-de teklip eder.
Halkara gatnaşyklarda emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamak
Hormatly Prezidentimiziň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG we onuň düzüm birlikleri bilen degişli işler alnyp barlar. Bu ugurda indiki ädim hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň ýanynda Parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça akademiki merkezi döretmek boýunça geňeşmeler geçiriler. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamagy teklip eder. Bu ugurda BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak meseleleri boýunça halkara bilermenler dialogyny geçirmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamak maksady bilen, «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny Baş Assambleýanyň garamagyna hödürlär.
Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek boýunça işler dowam etdiriler
Durnukly ösüş we ulag ugurlardaky hyzmatdaşlyk hem möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary esasynda Türkmenistan dünýä derejesinde ulag diplomatiýasynyň öňdebaryjy merkezi hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan etmek baradaky Kararnama kabul edildi. Kararnamanyň çäklerinde döwletimiz onýyllygyň maksatlarynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek üçin ählumumy seljeriş we maglumat guraly hökmünde Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirer.
Günorta we Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sebitüsti ulag geçelgesini döretmek başlangyjy öňe sürler
Ýurdumyz 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň, Awaza syýasy Jarnamasynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmagyny dowam etdirer. Türkmenistanyň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegiň mümkinçiligine garamak teklip ediler. Şonuň ýaly-da, döwletimiz BMG-niň howandarlygynda Hazar deňzi arkaly Günorta we Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sebitüsti ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny öňe sürer.
PDF









