24-nji iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew demir ýol ulagy pudagyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde welaýatlarda demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak göz öňünde tutulyp, häzirki wagtda bu babatda degişli işler amala aşyrylýar. Munuň özi pudagyň işiniň netijeliligini has-da artdyrmaga, onuň işgärleri üçin döwrebap we oňaýly iş şertlerini döretmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
PDF









