Formula 1 boýunça möwsümiň 11-nji ýaryşy Wengriýada geçirildi. Ýurduň Mogýorod şäherçesindäki “Hungaroring” trassasynda geçirilen ýaryşda “McLaren” toparynyň britaniýaly sürüjisi, geçen möwsümiň çempiony Lando Norris ýeňiş gazandy. Ol ilkinji hatardan başlan ýaryşynda 70 aýlawy 1 sagat 39 minut 56,180 sekuntda tamamlamagy başardy. Bu onuň şu möwsümdäki ilkinji, karýerasy boýunça-da 12-nji ýeňşi boldy.
Norrisden 15,080 sekunt yza galan “Red Bull” toparynyň niderland piloty Maks Werstappen 2-nji orny eýeledi. “Mercedes” toparynyň italýan sürüjisi, sanawyň lideri Kimi Antonelli ýeňijiden 18,728 sekunt yza galyp, 3-nji orna mynasyp boldy.
Ýaryşda “Ferrari” toparynyň sürüjileri – Şarl Lekler bilen Lýuwis Hamiltonyň 4-5-nji ýerleri eýelediler.
Şeýlelikde, geçirilen 11-nji ýaryşdan soň, sürüjileriň sanawynda Kimi Antonelli 219 utuk bilen öňdäki ornuny saklap gelýär. Britan sürüjileri Lýuwis Hamilton 169, Jorj Rassell 160 utuk bilen 2-3-nji ýerleri eýeleýärler. 4-nji orundaky Şarl Lekleriň 138, şeýle
-de Lando Norrisiň 128 utugy bar.
Möwsümiň 12-nji ýaryşy 1 aýa golaý arakesmeden soň, ýagny 23-nji awgustda Niderlandlaryň Zandwoort şäherinde geçiriler.
PDF









