Dünýä futbolynda garaşylýan uly täzelik resmi mälim edildi. Ýagny Fransiýanyň milli ýygyndysyna mundan soň Zinedin Zidan tälim berer. Bu barada resmi beýanat berlip, 54 ýaşyndaky hünärmen 4 ýyllyk şertnama gol çekdi. Tälimçilik karýerasynda diňe “Real Madridi” türgenleşdiren Zidan ispan toparyna yzly-yzyna 3 gezek Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazandyrypdy. Ol “Real Madridiň” ýaşlar toparyna (2014-16) hem-de 2 döwürde “Real Madride” (2016-18, 2019-21) tälim berdi. 2021-nji ýyldan bäri hiç bir topary türgenleşdirmedik Zidan Fransiýanyň milli ýygyndysynda 108 oýunda 31 gol geçirdi. Zidan Fransiýanyň ýygyndysyny türgenleşdirmek üçin 5 ýylyň dowamynda gelen teklipleriň ählisinden hem ýüz öwrüpdi.

Fransiýanyň ýygyndysynyň Zidandan öňki tälimçisi Didie Deşam 14 ýyllyk döwürde fransuzlara Dünýä Kubogynyň, UEFA Milletler Ligasynyň çempionlygyny gazandyrypdy. Fransiýanyň ýygyndysy onuň tälimçiliginde Dünýä Kubogynda hem-de Ýewropa çempionatynda kümüş medala hem mynasyp boldy.