Italiýanyň «Eni» we Fransiýanyň «TotalEnergies» kompaniýalary Kipriň şelfindäki «Kronos» gaz känini özleşdirmek boýunça jemleýji maýa goýum kararyny kabul etdiler. Bu taslama Italiýa üçin energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmakda nobatdaky möhüm ädim bolar. Häzirki wagtda ýurt sarp edýän tebigy gazynyň 95 göterimini daşary ýurtlardan satyn alýar. Şunda Italiýanyň iň iri gaz üpjünçisi hökmünde Alžir çykyş edýär.

Ilkibaşky gaz gorlary 85 milliard kubmetrden gowrak diýlip bahalandyrylan «Kronos» taslamasy Kipriň taryhynda tebigy gazy senagat taýdan ilkinji gezek çykarmak başlangyjy bolar. Taslamanyň çäklerinde çuň suw astynda dört sany guýyny burawlamak hem-de günde, ortaça 14,16 million kubmetr gaz çykarmak meýilleşdirilýär.

Täze känden ilkinji gaz akymlaryna 2028-nji ýylda garaşylýar. Çykaryljak tebigy gaz suwasty geçiriji arkaly ilki Müsüre iberiler. Ol ýerdäki «Damietta LNG» zawodynda suwuklandyrylan tebigy gaza (STG) öwrülip, soňra Ýewropa ugradylar. Munuň üçin bar bolan düzümleýin desgalaryň ulanylmagy çykdajylary azaltmaga we taslamany çalt amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Gazyň täze çeşmeleriniň özleşdirilmegi Italiýanyň Demirgazyk Afrika we Gündogar Ortaýer deňzi sebitiniň arasynda esasy energetika duralgasy hökmündäki ornuny pugtalandyrýar. Bu başlangyç Kipriň sebitleýin gaz eksport edijisine öwrülmegine hem-de Ýewropanyň energetika howpsuzlygyny berkitmäge ýardam eder.