Awgust aýynyň 1-nji hepdesi – Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň Bütindünýä hepdeligi
Çaga üçin ene süýdüniň ähmiýetiniň uludygyny her bir ene-ata bilmelidir. Ene süýdi immunoglubinlere, witaminlere we mikroelementlere baý bolup, çaganyň kadaly ösmegine ýardam berýär we köp kesellerden goraýar. Ene süýdi ýokumly maddalara baý bolup, çaganyň bedeninde ýeňil özleşip, fiziki we ruhy taýdan sagdyn ösmegine ýardam berýär.
Ene süýdi çaga bilen enäniň arasyndaky mähirli gatnaşygy has ýakynlaşdyrýar, çaganyň kesele garşy durmaklygyny has ýokarlandyrýar. Enäniň çagasyny ene süýdi bilen yzygiderli iýmitlendirmegi enelerde köp keselleriň öňüni almaga ýardam berýär.
Saglyk öýlerinde maşgala lukmanlary eneler bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklap, ene süýdüniň ähmiýeti barada yzygiderli wagyz-nesihat işlerini geçirýärler.
Watanymyzyň geljegi bolan çagalar Ene süýdi bilen dogry we doly iýmitlenip, sagdyn ösüp, geljekde ýurdumyzyň gülläp ösmegine goşant goşmaly ýaşlardyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan çagalarymyzyň sagdyn nesiller bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagalla edilýär. Halkymyzyň asuda we parahat ýaşamagy üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin.
Gülruh Asadowa,
Aşgabat şäherindäki 8-nji Saglyk öýüniň baş lukmany.
PDF








