31-nji iýulda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow bilen hoşlaşyk duşuşygyny geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlykda, aýratyn-da söwda, ykdysady ösüş we işewürlik gatnaşyklary ugurlarynda gazanylan oňyn hem-de özara bähbitli ösüş bellenildi. Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we täze mümkinçilikleri ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň jemgyýetçilik torundaky akkaundynda habar berilýär.
PDF








