Prokatlarda görkezilip başlanyna 3 gün bolan “Möý adam: täze gün” (Spider-Man: Brand New Day) filmi taryhy rekorda golaýdy. 31-nji iýulda ekranlara çykan kinonyň tutuş dünýäde prokatlardan toplany 927 million dollardan geçdi.
Destin Daniel Krettonyň surata düşüren filmi Demirgazyk Amerikanyň proktlaryndan 355, galan beýleki ýurtlardan 572 million dollar möçberinde kassa ýygymyny toplady. Şeýlelikde, “Möý adam: täze gün” filmi ähli döwürleriň iň uly açylyş eden 2-nji kinosy boldy. Bu filmden öňde “Ar alyjylar: oýnuň soňy” (Avengers: Endgame) kinosy bolup, ol 2019-njy ýylda ilkinji 3 günde 1 milliard 223 million 641 müň 414 dollar ýygnapdy.
Demirgazyk Amerikadaky kinoteatrlardan toplanan girdeji boýunça-da 2-nji ýeri eýelän “Möý adam: täze gün” filmi “Ar alyjylar: oýnuň soňy” ekran eserinden 2 million 115 müň 7 dollar az gazandy.
Ýöne “Möý adam: täze gün” filmi ilkinji gününde 168 million dollarlyk açylyş bilen ähli döwürleriň rekordyny täzeledi. Bu ugurda ozalky rekord 157 million 461 müň dollarlyk girdeji bilen “Ar alyjylar: oýnuň soňy” filmine degişlidi.
Şol bir wagtyň özünde “Möý adam: täze gün” filmi 17-nji iýuldan bäri görkezilip gelinýän “Odisseýa” filminiň şu wagta çenli gazananyndan geçmegi başardy. Ýagny “Odisseýa” filmi 23 günde 911 million 397 müň dollar toplan bolsa, “Möý adam: täze gün” kinosy 3 günde 927 million dollar gazandy.
PDF








