31-nji iýulda Astana şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary derejeli wezipeli adamlarynyň üçünji mejlisine gatnaşdy.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar öňde boljak «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk meselelerine, şol sanda jemleýji resminamanyň taslamasyna garadylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary çykyşynda ýurdumyzyň Forumyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklap, Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtady.

Şeýle hem «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitiniň we işewürler sammitiniň geçirilmeginiň sebit döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygy bellenildi. Bu çäreleriň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda täze göni gatnaşyklary ýola goýmaga, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri giňeltmäge, şeýle hem senagat, energetika, ulag we logistika, sanly tehnologiýalar, oba hojalygy hem-de özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlar boýunça geljegi uly hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigi nygtaldy.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Çun Eý-heniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi, bu hyzmatdaşlygyň köpýyllyk dostluk, özara ynanyşmak, hormat goýmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi.

Şeýle-de şu nukdaýnazardan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda hemişe ileri tutulýan orny eýeleýän ýokary derejeli saparlaryň we gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem söhbetdeşler «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk bilen baglanyşykly derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.