Angliýanyň “Çelsi” topary Denni Welbekden soň ýene bir weteran futbolçyny düzümine goşdy. Londonlylar 36 ýaşyndaky iňlis ýarymgoragçysy Jordan Henderson bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Erkin agent ýagdaýynda “Çelsiniň” oýunçysy bolan Henderson geçen möwsümi “Braýtonda” geçiripdi. Henderson futbol karýerasyna “Sanderlandda” başlap, az wagtlyk “Kowentri Sitide” kärendesine oýnady. 2011-nji ýylda “Liwerpula” transfer bolan Henderson bu toparda 12 möwsüm çykyş etdi. Ýarym möwsüm Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” toparynyň köýnekçesini geýen Henderson 1,5 möwsüm “Aýaksda” oýnady.

Henderson “Liwerpul” APL-de hem-de Çempionlar Ligasynda ýeňiji boldy. Henderson Angliýanyň ýygyndysynda 91 oýunda 3 gol geçirdi.