Soňky ýyllarda ylgamak dünýäde iň meşhur sport görnüşleriniň birine öwrüldi. Ylgamak bilen meşgullanyp başlan türgenleriň iň uly arzuwy marafon ýaryşlaryna gatnaşmak bolsa gerek. 42 kilometr 195 metr uzynlyk. Bu ýoly ylgap geçmek aňsat däl. Eýsem, marafon ýaryşlarynda hut şu uzynlygyň saýlanyp alynmagynyň sebäbi nämekä?! Näme üçin marafon ýaryşy tegelek 42 kilometr däl-de, 195 metr goşmaça aralygy hem bar?! Geliň, muny bilelikde öwreneliň!
Häzirki wagtda dünýäniň birnäçe künjeginde köp sanly marafonlar geçirilýär. Boston, Nýu-Ýork, London, Berlin, Çikago, Tokio we Sidneý ýaly dünýäniň iň meşhur marafonlary her ýyl ýüzlerçe ylgaýjyny bir ýere jemleýär. 42 kilometr 195 metr aralyk ähmiýetsiz san ýaly görünse-de, munuň aňyrsynda uly taryhy wakalar ýatyr.
Gadymy Gresiýadan Londona çenli…
Marafon ýaryşynyň taryhy biziň eýýamymyzdan öňki 490-njy ýyllara uzaýar. Taryhy maglumatlara görä, parslar bilen afinylylaryň arasynda bolan Marafon söweşinde grekleriň iň meşhur ilçileriniň biri bolan Feýdippid ýeňiş habaryny ýetirmek üçin Marafondan Afina çenli ylgapdyr. Grek taryhçysy Gerodotyň bellemegine görä, Feýdippid ýeňiş habaryny ýetirmek üçin däl-de, Afinydan Sparta kömek soramak üçin ylgapdyr. Ol iki günde 240-250 kilometr ýol geçipdir. Şeýlelikde, ylgaw ýaryşy Feýdippidiň uruşda görkezen edermenlikleri hem-de Marafon söweşinde gazanylan ýeňiş üçin «Marafon» diýlip atlandyrylýar.
Marafon ýaryşlary Gadymy Olimpiýa oýunlarynyň bir bölegi däldi. Marafon ýaryşy 1896-njy ýylda Afinyda geçirilen ilkinji häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynda guralýar. Ilkinji Olimpiýa marafony häzirki ýaly 42,195 kilometr däldi. Sebäbi şol wagt marafon ylgawynyň halkara standarty heniz döredilmändi. Gresiýanyň Marafon sebitinden Afinydaky Panatinaikos stadionyna çenli, takmynan, 40 kilometrlik ýolda geçirilen ýaryşda grek türgeni Spiridon Luis ýeňiş gazandy. Ýaryşyň uzynlygy soňky ýaryşlarda birnäçe gezek üýtgedildi.
Häzirki wagtda 42 kilometr 195 metr aralyk marafon ylgawynyň dünýäde kabul edilen standartydyr. Bu aralyga ilkinji gezek 1908-nji ýylda London Olimpiýa oýunlarynda ylganyldy. Olimpiýa marafonyny Windzor galasynyň çäginden başlap, Ak şäher stadionynda tamamlamak meýilleşdirilýärdi. Ýöne gelip gowşan haýyşlara görä, Şa maşgalasynyň çagalary galanyň penjiresinden ýaryşy synlap bilsinler diýip, pellehana lentasy şa meýdançasynyň öňünde bolmaly diýlip üýtgedilýär. Şeýlelikde, Windzor galasynyň çäginden başlanan marafon ýaryşy şa meýdançasynyň öňünde tamamlanýar. Ylgaw ýolunyň uzynlygy 26 mil 385 ýarda (42 kilometr 195 metr) deň bolýar. Ýaryşda amerikaly türgen Jon Heýz altyn medala eýe bolýar.
1921-nji ýyla çenli marafon ýaryşlary dürli uzynlykda geçirilýär. Şol ýyl Halkara höwesjeň ýeňil atletika federasiýasy London marafonyndaky 26 mil 385 ýard uzaklygy ylgaw ýaryşynyň standart aralygy hökmünde resmi taýdan kabul edýär. 105 ýyl mundan ozal bütin dünýäde kabul edilen 42,195 kilometrlik marafon aralygy 1924-nji ýylda Parižde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlaryndan bäri ulanylýar.
Gyzykly Maglumatlar
Marafon ýaryşlarynyň häzirki wagtdaky dünýä rekordyny erkekleriň arasynda Eliud Kipçoge (2:03:05), zenanlardan Pola Redkliff (2:15:25) eýeleýär.
Häzirki wagtdaky iň uly marafon 2016-njy ýylda Nýu-Ýork şäherinde geçirilip, ýaryşy 50 müňden gowrak türgen tamamlady.
Iň gadymy ylgaw ýaryşy 2017-nji ýylda 120 ýyllyk ýubileýini bellän Boston marafonydyr.
London marafony iň girdejili ylgaw ýaryşy hasaplanýar.
Marafon ýaryşyna gatnaşan iň garry adam Fauja Singh (100 ýaş) bolup, pellehanadan 8:25:16 sekuntda geçmegi başardy.
PDF








