Häzirki wagtda mekdebe taýýarlyk möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Bazarlarda mekdep lybaslary we okuw harytlary satylýan göçme söwda nokatlary giňden hyzmat edýär. Tomusky dynç alyş möwsüminiň soňky aýy dowam edýär. Siz hem täze okuw ýylyna taýýarlyk görüp başlan bolsaňyz gerek. Mekdebe taýýarlyk görlende diňe okuw esbaplary däl, eýsem, täze egin-eşikler hem satyn alynýar. Eýsem, çagalara okuw eşikleri, aýakgap we torba satyn alnanda nämelere üns bermeli?!
Okuwçylar günüň esasy bölegini mekdepde geçirýärler. Çagalara mekdep lybaslary alnanda biraz giň we arkaýyn hereket etmäge oňaýlysyny saýlamaly. Eşik bedene ýapyşyp duran däl-de, rahat bolmaly. Egin-eşigiň matasy nah ýa-da beden üçin zyýansyz, ýumşak we tebigy materiallardan tikilen, howa geçirýän bolmaly.
Ene-atalaryň käbiri aýakgap alanda çaganyň ulalyp barýandygyny göz öňünde tutup, has ulusyny alýar. Bu ýalňyş hasaplanýar. Aýakgap çaga joraply ýagdaýda geýdirilip hem-de ýöredilip görülmeli. Aýakgabyň öň tarapynyň dar, ujunyň süýnmek bolmagy barmaklaryň dogry ösmegine päsgel berip ýa-da dyrnagyň çümmegine getirip biler. Aýakgabyň bagjygy gowy baglanmasa ýa-da çözülen ýagdaýda çaganyň ýykylmagyna sebäp bolmagy mümkin. Şol sebäpli bagjyksyz ýa-da aňsatlyk bilen açylyp ýapylýan kemerjigi bolan hem-de aşagy büdür-südür, tekiz ýerde typmaýan, ýagynly howada suw geçirmeýän aýakgap alynmaly. Sport aýakgaby saýlananda hem ýokardaky ýagdaýlar göz öňünde tutulmaly.
Çagalaryň her gün jorap geýýändigi sebäpli aýagy derläp bilýär. Şol sebäpli nah matadan tikilen, derletmeýän joraplary saýlamaly. Şeýle hem jorabyň bogdagynyň aýagyň gan damarlaryny gysmaýan görnüşini saýlamaly. Jorap bir günden köp geýilmeli däl.
Mekdep torbasy alnanda, çaganyň ýaşy, agramy göz öňünde tutulmaly. Bilermenler islendik ýaşdaky çaga üçin arkaňda göterilýän mekdep torbalaryny maslahat berýärler. Torbanyň egniňden asylýan gerşi inli we ýumşak bolmaly. Kiçi çagalar üçin has uly, agramyny artdyrjak dürli reňkli, gabaryp duran suratly we dürli oýnawaçlar asylyp duran torbalary almak maslahat berilmeýär. Torbanyň göterilişine hem üns berilmeli. Adatça, arkaňdan asylýan torbalaryň ýüplerini ulaldyp hem kiçeldip bolýar. Torbanyň ýüpüni çaganyň arkasyna laýyk ýerleşer ýaly sazlamaly. Torba bir eginde göterilmeli däl. Agyr kitaplar we beýleki okuw esbaplar torbanyň arka ýakyn tarapyna, ýeňil esbaplar öň tarapyna ýerleşdirilmeli. Çaga awtobusyň gelmegine garaşanda ýa-da awtobusda barýarka torbasyny arkasyndan düşürip, arassa ýerde goýmagy öwretmeli. Mekdep torbasyna okuw esbaplaryndan başga zat salynmaly däl, diňe şol gün geçiljek sapaklaryna degişli kitapdyr depderler salynmaly. Mekdep egin-eşigi ýa-da okuw esbaby satyn alnanda, mekdebiň talaplary göz öňünde tutulmaly.
PDF








