“Meta” kompaniýasyna degişli bolan “Instagram” sosial ulgamy logosyny täzeledi. Onuň ozalky nusgasy on ýyllap üýtgedilmändi. Platformanyň ýolbaşçysy Adam Mosseriniň bellemegine görä, indi ony täzelemegiň wagty geldi. “Biz täze dizaýnyň has açyk we häzirki zaman görnüşine eýe bolandygyna, şol bir wagtyň özünde hem asyl nusgasy bilen arabaglanyşygyny, hem-de “Instagram”-da hemişe bolan ýönekeýligi we jikme-jikliklere üns berlişini saklap galandygyna ynanýarys” diýip, ol “Threads” ulgamynda ýazdy.
PDF








