12-nji awgustda Ýewropanyň köp ýerinde Gün tutulma hadysasy boldy. Ispaniýanyň demirgazygynda Gün doly tutulan bolsa,
Angliýanyň köp ýerinde Günüň ýüzüniň 90 göterimi örtüldi. Aýyň Ýer bilen Günüň aralygyna girmegi bilen bolup geçýän şeýle astronomik hadysa örän seýrek gaýtalanýar. Bu hadysa syn etmek üçin ýörite äýnekler hem-de teleskoplar ulanylýar.
Astronomik hadysanyň nirede we haçan boljakdygy onlarça ýyl öňünden belli bolýar. Şol sebäpli adamlar bu hadysa tomaşa etmek üçin öňünden taýynlyk gördüler. Beýik depeler, deňiz kenarlary, golaýynda beýik jaýlar bolmadyk açyk meýdanlar bu hadysa tomaşa etmek üçin iň amatly ýerler hasaplanýar.
Ispaniýada Gün tutulmasy ýerli wagt bilen 19:30-da başlady. Ýurduň käbir ýerlerinde doly Gün tutulmasy 2 minut dowam etdi. Paýtagt Madridde Günüň ýüzüniň 99 göterimi ýapyldy. Mundan ozal, 1912-nji ýylda ýurduň Iberiýa ýarymadasynda doly Gün tutulypdyr.
Fransiýanyň paýtagty Parižde 92 göterim Gün tutulma hasaba alyndy. Sebitde Ispaniýadan başga Islandiýada we Grenlandiýada hem doly Gün tutulmasy bolup geçdi. Köp jahankeşde astronomik hadysa tomaşa etmek üçin bu ýurtlara bardy. Indiki doly Gün tutulmasynyň 2027-nji ýylda Atlantik ummanynda bolmagyna garaşylýar. Şonda Fransiýa bilen Ispaniýada bölekleýin Gün tutulmasy bolup geçer. Fransiýanyň çäginde Günüň doly tutulmasyna 2081-nji ýylyň 3-nji sentýabryna çenli garaşmaly bolar.
PDF








