Azerbaýjanda nar önümçiligini we onuň eksportyny giňeltmek, bu milli önümi halkara derejesinde tanymal brende öwürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Ýurtda bu oba hojalyk harydynyň eksport möçberini artdyrmak, täze bazarlara çykmak hem-de önümiň hilini ýokarlandyrmak üçin giň möçberli çäreler amala aşyrylýar. Ýurduň dürli künjeklerinde nar baglarynyň meýdany artdyrylyp, döwrebap suwaryş ulgamlary we agrotehniki kadalar işjeň ornaşdyrylýar hem-de dünýä bazarlarynyň talaplaryna laýyklykda gaýtadan işleýän kärhanalar işe girizilýär. Şunuň bilen birlikde, howanyň üýtgemegi bilen bagly ýagdaýlary nazara alyp, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak we bu miwäniň medeni miras hökmünde ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi bilen halkara abraýyny has-da belende götermek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.