Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň par­la­men­ti iň­lis di­li­ni res­mi dil di­ýip ykrar ed­ýän ka­nun tas­la­ma­sy­ny ka­bul et­di. Şeý­le­lik­de, iň­lis­çe mao­ri di­li hem-de Tä­ze Ze­lan­di­ýa yşa­rat di­li bi­len bir ha­tar­da res­mi dil­le­riň ha­ta­ry­na gi­ri­zil­di. Bu ýur­duň ila­ty­nyň 95 gö­te­ri­mi iň­lis dil­li bol­sa-da, hä­zi­re çen­li bu dil res­mi dil hök­mün­de ka­bul edil­me­ýär­di. Şeý­le-de bol­sa, äh­li res­mi iş­ler­de – ýu­ri­dik, sy­ýa­sy we döw­le­ti do­lan­dyr­ma­ga de­giş­li res­mi­na­ma­lar­da iň­lis di­li ula­nyl­ýar. Ýur­duň ila­ty 5,3 mil­li­on tö­we­re­gi bo­lup, onuň 4,3 gö­te­ri­mi mao­ri, 0,5 gö­te­ri­mi yşa­rat di­li­ni ulan­ýar.
Ýurt­da 1970-nji ýyl­la­ryň ba­şyn­da iki dil­de –
mao­ri hem-de iň­lis di­lin­de bi­lim ber­ýän mek­dep­ler peý­da bol­ýar. Mao­ri di­li 1980-nji ýyl­lar­da res­mi dil hök­mün­de ka­nun taý­dan yk­rar edil­ýär.

Allaýar Esenow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.