Hy­taý bi­len Rus­si­ýa­nyň ara­syn­da asma ýo­luň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär. Amur der­ýa­sy­nyň üs­tün­den geç­jek des­ga­nyň gur­lu­şy­gy­nyň esa­sy bö­le­gi­niň ta­mam­la­nan­dy­gy mä­lim edil­di. Asma ýo­l di­ňe der­ýa­nyň aň­ry­syn­da­ky beý­le­ki ýur­da geç­mek üçin däl, eý­sem, sy­ýa­hat­çy­lyk mak­sa­dy bi­len hem ula­ny­lar. Uzak Gün­do­gar se­bi­tin­dä­ki Amur der­ýa­sy­nyň köp bö­le­gi iki ýur­duň te­bi­gy ser­he­di­ni eme­le ge­tir­ýär. Der­ýa­nyň Hy­taý ta­ra­pyn­da Heý­he, Rus­si­ýa ta­ra­pyn­dan Bla­go­we­şensk şä­he­ri bar.
2019-njy ýyl­da gur­lu­şy­gy­na baş­la­nan täze desganyň şu ýy­lyň ahy­ryn­da ulan­ma­ga be­ril­jek­di­gi ha­bar be­ril­di. Uzyn­ly­gy 970 metr tö­we­re­gi bol­jak asma ýol­dan geç­mek üçin 6-8 mi­nut ýe­ter­lik bo­lar. Se­kunt­da 12 metr tiz­lik bi­len he­re­ket et­jek ul­gam her ýyl­da 2,6 mil­li­on ýo­lag­çy gat­nat­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Asma ýol­da her bi­ri 110 orun­lyk iki sa­ny ka­bi­na he­re­ket eder.

Saparsoltan MELÄÝEWA,
Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň Bokurdak şäherçe medeniýet öýüniň müdiri.