12-nji aw­gust­da Ýew­ro­pa­nyň köp ýe­rin­de Gün tu­tul­ma ha­dy­sa­sy bo­ldy. Is­pa­ni­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da Gün do­ly tu­tu­lan bol­sa,
Ang­li­ýa­nyň köp ýe­rin­de Gü­nüň ýü­zü­niň 90 gö­te­ri­mi ör­tül­di. Aýyň Ýer bi­len Gü­nüň ara­ly­gy­na gir­me­gi bi­len bo­lup geç­ýän şeý­le ast­ro­no­mik ha­dy­sa örän seý­rek gaý­ta­lan­ýar. Bu ha­dy­sa syn et­mek üçin ýö­ri­te äý­nek­ler hem-de te­les­kop­lar ula­nyl­ýar.
Ast­ro­no­mik ha­dy­sa­nyň ni­re­de we ha­çan bol­jak­dy­gy on­lar­ça ýyl öňün­den bel­li bol­ýar. Şol se­bäp­li adam­lar bu ha­dy­sa to­ma­şa et­mek üçin öňün­den ta­ýyn­lyk gör­dü­ler. Be­ýik de­pe­ler, de­ňiz ke­nar­la­ry, go­la­ýyn­da be­ýik jaý­lar bol­ma­dyk açyk meý­dan­lar bu ha­dy­sa to­ma­şa et­mek üçin iň amat­ly ýer­ler ha­sap­lan­ýar.
Is­pa­ni­ýa­da Gün tu­tul­ma­sy ýer­li wagt bi­len 19:30-da baş­la­dy. Ýur­duň kä­bir ýer­le­rin­de do­ly Gün tu­tul­masy 2 mi­nut do­wam et­di. Paý­tagt Mad­rid­de Gü­nüň ýü­zü­niň 99 gö­te­ri­mi ýa­pyl­dy. Mun­dan ozal, 1912-nji ýyl­da ýur­duň Ibe­riýa ýa­ry­ma­da­syn­da do­ly Gün tu­tu­lyp­dyr.
Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž­de 92 gö­te­rim Gün tu­tul­ma ha­sa­ba alyn­dy. Se­bit­de Is­pa­ni­ýa­dan baş­ga Is­lan­di­ýa­da we Gren­lan­di­ýa­da hem do­ly Gün tu­tul­ma­sy bo­lup geç­di. Köp ja­han­keş­de astronomik ha­dy­sa to­ma­şa et­mek üçin bu ýurt­la­ra bar­dy. In­di­ki do­ly Gün tu­tul­ma­sy­nyň 2027-nji ýyl­da At­lan­tik um­ma­nyn­da bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şon­da Fran­si­ýa bi­len Is­pa­ni­ýa­da bö­lek­le­ýin Gün tu­tul­ma­sy bo­lup ge­çer. Fran­si­ýa­nyň çä­gin­de Gü­nüň do­ly tu­tul­ma­sy­na 2081-nji ýy­lyň 3-nji sent­ýab­ry­na çen­li ga­raş­ma­ly bo­lar.