Hytaý bilen Russiýanyň arasynda asma ýoluň gurluşygy dowam edýär. Amur derýasynyň üstünden geçjek desganyň gurluşygynyň esasy böleginiň tamamlanandygy mälim edildi. Asma ýol diňe derýanyň aňrysyndaky beýleki ýurda geçmek üçin däl, eýsem, syýahatçylyk maksady bilen hem ulanylar. Uzak Gündogar sebitindäki Amur derýasynyň köp bölegi iki ýurduň tebigy serhedini emele getirýär. Derýanyň Hytaý tarapynda Heýhe, Russiýa tarapyndan Blagoweşensk şäheri bar.
2019-njy ýylda gurluşygyna başlanan täze desganyň şu ýylyň ahyrynda ulanmaga beriljekdigi habar berildi. Uzynlygy 970 metr töweregi boljak asma ýoldan geçmek üçin 6-8 minut ýeterlik bolar. Sekuntda 12 metr tizlik bilen hereket etjek ulgam her ýylda 2,6 million ýolagçy gatnatmaga mümkinçilik berer. Asma ýolda her biri 110 orunlyk iki sany kabina hereket eder.
Saparsoltan MELÄÝEWA,
Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň Bokurdak şäherçe medeniýet öýüniň müdiri.
PDF








