Gazagystanyň Mangistau welaýatynda emeli aň ulgamynda maglumatlary işläp taýýarlaýjy we hasaplaýyş merkezleri üçin ýokary öndürijilikli infrastruktura klasterini döretmek göz öňünde tutulýar. Mangystau welaýatynyň häkimliginiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, bu toplumyň umumy kuwwaty 500 megawata çenli ýetip biler, deslapky maýa goýum möçberi bolsa 1,4 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolar. Toplumyň düzümine maglumatlary gaýtadan işleýän merkezler, gaz generator desgalary, gaýtadan dikeldilýän energetika çeşmeleri we aragatnaşyk infrastrukturasy girer. Hasaplaýyş kuwwatlyklaryny emeli aň modellerini öwretmek, bulut hyzmatlaryny ösdürmek hem-de uly möçberli maglumat toplumlaryny seljermek üçin ulanmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek – magistral we halkara aragatnaşyk kanallaryna birikmek, ätiýaçdaky optiki-süýümli aragatnaşyk ugurlaryny döretmek hem-de Hazar deňziniň üsti bilen sanly aragatnaşyklary giňeltmek göz öňünde tutulýar.
PDF








