Bütin dünýäde zähmet çekmeýän, okaýan ýa-da hünär öwrenýän ýaşlaryň umumy sany, takmynan, 257 milliona ýetdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara zähmet guramasynyň (HZG) täze ýaýradan hasabatyna görä, COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde ýagdaýyň gowulaşandan soň, 2025-nji ýylda dünýäde ýaşlaryň arasynda işsizlik derejesi ýene-de ýokary galyp başlady. BMG-niň Habarlar merkeziniň berýän maglumatyna laýyklykda, 2023-nji ýylda 15–24 ýaş aralykdaky ýaşlaryň global işsizlik derejesi 2025-nji ýylda 12,4 göterime çykdy, işsizleriň sany 67 million töweregi artdy. HZG-niň Baş direktory Žilber Hungbo özüne mynasyp iş tapyp bilmeýän nesliň geljegini ynamly gurup bilmeýändigini belläp, ýaşlar üçin mynasyp iş ýerlerini döretmegiň sosial zerurlykdygyny nygtady. Hünärmenler bu ýagdaýa ykdysady ösüşiň haýallamagynyň, geosyýasy dartgynlylygyň, emeli aňyň täsiriniň hem-de tejribe ýetmezçiliginiň sebäp bolýandygyny belleýärler. Şoňa görä-de, gurama emeli aňy kadalaşdyrmakda adama gönükdirilen çemeleşmäni ulanmagy, ýokary hilli bilime maýa goýmagy we sosial goragy giňeltmegi maslahat berýär.