14-nji awgustda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda dünýäniň dürli künjeginden ýygnanan 600-den gowrak ýaşlaryň gatnaşmagynda emeli aň meselelerine bagyşlanan sammit geçirildi. Bu çäräniň dowamynda emeli aň tehnologiýalaryny Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulanmak meseleleri hem-de ýaşlaryň bu ugurdaky liderlik orny ara alyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda çagalar we ýetginjekler emeli aň tehnologiýalaryny ululara garanyňda, üç esse çalt özleşdirip, täze mümkinçilikleri açýarlar we käbir wajyp ugurlarda üns berilmeli meseleleri hem ýüze çykarýarlar.
Çäräniň dowamynda halkara guramalaryň gatnaşmagynda dürli pikir alyşmalar guralyp, «Global sanly şertnama» laýyklykda, emeli aňy dolandyrmak boýunça Ýaşlar jarnamasy kabul edildi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş ýaşlaryň ykdysady durnuksyzlyk, sanly integrasiýa we howanyň üýtgemegi ýaly köp sanly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny belläp, olaryň döwlet ähmiýetli çözgütleri kabul etmek işine gatnaşmagynyň zerurlygyny nygtady.
BMG-niň Baş sekretarynyň ýaşlaryň işleri boýunça kömekçisi Felipe Paulýer hem ýaşlaryň emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmegiň hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny we olaryň kadalaşdyryjy düzgünleri işläp düzmäge işjeň gatnaşmalydygyny belledi. Maslahata gatnaşyjylar adamlaryň diňe bir iş tapmagy däl, eýsem täze başarnyklary hem ele almagy üçin emeli aň mümkinçiliklerini giňeltmekde ýaş nesliň işjeň bolmalydygyny bellediler.
PDF








